Türkmenistanly futbolçy daşary ýurt klubyna çagyryldy
Türkmen futbolçysy Stambuldaky futbol kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşypdyr.
Aýal-gyzlar futbol kluby bolan "Dudullu spor" 2014-nji ýylda döredildi, Türkiýäniň Kadynlar Süper Ligasynda oýnaýar diýip, habarda bellenýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Musatskaýa Türkmenistandan daşary ýurt klubynyň hatarynda oýnamaga çagyrylan ilkinji futbolçy bolup durýar.
Ol ozal Aşgabatda futbol we futzal toparlarynda oýnapdyr we 2016-njy ýylda Türkmenistanyň milli futbol toparyna geçipdir.