Döwlet biržasy ýurtda gytalan ýangyjyň daşary ýurtlara satylýandygyny aýdýar
Bu habar Azatlygyň habarçylarynyň ýurduň sebitlerinde ýitileşýän benzin ýetmezçiligi barada beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şeýle-de habarda Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleriniň jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn alandyklary, geleşikleriň umumy bahasynyň ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý bolandygy aýdylýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileriniň bahasy 7 million 150 müň manada barabar bolan nah ýüplügi satyn alandygy habar berilýär.
Mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň pagtasy we pagta önümleri birnäçe ýurtda we kompaniýa tarapyndan satyn alynmaýar.