Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran türmesinde ölenleriň sany sekiz adama ýetdi, režime garşy protestler dowam edýär

Eýranyň kazyýet ulgamy 17-nji oktýabrda, hökmany baş örtügini nädogry geýendigi üçin tussag edilen gyzyň polisiýanyň gözegçiligi astynda ölmegi sebäpli turan we bütin ýurdy gaplap alan protestleriň dowam edýän wagtynda, Tähranyň “Ewin” türmesinde dörän ýangynda ölenleriň sanynyň azyndan sekiz adama ýetendigini aýtdy.


Syýasy tussaglaryň we hökümete garşy demonstrantlaryň ýanaşyk saklanylýan ýeri bolan “Ewin” türmesinde dörän ýangynyň ähli jikme-jikligi heniz belli däl.


Kazyýetiň “Mizan” habar gullugy tussaglaryň 16-njy oktýabrda, öz alan ýaralaryndan ýogalandyklaryny aýdyp, wepat bolanlaryň täze sanyny yglan etdi.


Habarda ölenleriň hemmesiniň ogurlykda aýyplanandygy aýdylýar. “Mizan” bu wakany "tussaglar bilen ýangynyň arasyndaky söweş" diýip häsiýetlendirdi, ýöne bu aýdanlaryny tassyklaýan hiç hili subutnama bermedi.


Eýranyň daşyndaky aktiwistler eýran hökümetiniň aýdanlaryna şübheli garaýandyklaryny aýdýarlar.


Prezident Jo Baýdeniň polisiýa gözegçiliginde ýogalan 22 ýaşly Mahsa Aminiň ölümi sebäpli guralan demonstrasiýalary goldaýandygyny aýdanyndan soň, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi Waşingtony bulam-bujarlyga meçew bermekde aýyplady. Döwlet habar beriş serişdeleri ilkibaşda dokuz adamyň ýaralanandygyny habar berdiler, ýöne Kazyýet web sahypasy Mizan.news 16-njy oktýabrda dört tussagyň tüsse ýuwutmakdan ölendigini, 61 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.


Habarda ölen dört adamyň ählisiniň talaňçylyk sebäpli türmä basylandygy aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus