Polisiýanyň we şaýatlaryň habar bermegine görä, Indoneziýada geçirilen futbol ýaryşynda janköýerler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykdan soň dörän basa-baslykda azyndan 174 adam öldi.
Gündogar Jawada 1-nji oktýabrda bolup geçen waka, ölenlerden başga-da köp adamyň ýaralanmagy bilen, dünýäde şu wagta çenli ýüz beren iň erbet sport betbagtçylyklarynyň biri boldy.
Basa-baslyk ýaryşyň geýän ýeriniň eýesi bolan "Arema Malang“ topary garşydaş klub "Persebaýa Surabaýadan” 3-2 hasabynda utulandan soň ýüze çykdy. “Aremanyň” janköýerleri öz toparlarynyň utulandygyna gahar edip, oýunçylara tarap çüýşe zyňdylar we meýdança hüjüm etdiler.
Pitnä garşy polisiýanyň göz ýaşardyjy gaz ulanmagy bilen, dowla düşen ýüzlerçe janköýeriň gyssanmaç çykalgalara tarap gaçmagy netijesinde ullakan basa-baslyk döredi.
Resmileriň aýtmaklaryna görä, bulam-bujarlykda 34 adam stadionyň içinde ölüpdir, beýlekiler bolsa, ýakyndaky hassahanalara eltilenden soň jan beripdir.
Ölenleriň sany 2-nji oktýabr güni, günortana çenli 174-e ýetdi diýip, resmi habarda aýdylýar.
Ýaralylaryň arasynda ýagdaýy agyr adamlar köp bolansoň, heläk bolanlaryň sanynyň köpelmeginden howatyr edilýär.