Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň ÝHHG-däki hemişelik wekili Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny tankyt etdi

ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndaky (ÝHHG) hemişelik wekili Maýkl Karpenter 27-nji sentýabrda, Polşanyň paýtagty Warşawada adam ölçegleri boýunça geçilýän maslahatda çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň "demokratik täzeleniş we demokratiýalaryň şu günki günde ýüzbe-ýüz bolýan iň uly howp-hatarlaryna garşy durmak" meselesindäki pozisiýasyny beýan etdi.


"Biz gatnaşyjy döwletleriň käbiriniň azat we adalatly saýlawlary geçirmek, jemgyýetçilik durmuşyndaky deň gatnaşyk, raýat we syýasy hukuklara hormat goýmak boýunça öz üstlerine alan borçnamalaryny durmuşa geçirmegi meselesinde aladaly bolmagymyzda galýarys. Biz bu döwletleriň ählisini bu meseleleri çözmek üçin Demokratiýa institutlary we adam hukuklary edarasy bilen işleşmäge çagyrýarys” diýip, ilçi aýtdy.


Hususan-da ol Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň martynda geçirilen prezident saýlawlaryny tankyt etdi.


Ilçi Türkmenistanda mart aýynda geçirilen prezident saýlawlarynyň häkimiýetiň dinastiýa arkaly, ýagny atadan ogla geçirilmegine alyp gelendigini, Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň mundan öňki ýyllarda beren rekomendasiýalarynyň, şol sanda ygtyýarlyklaryň bölünmegi, köpdürlülik gurşawy, esasy adam hukuklarynyň, metbugat azatlygynyň, saýlaw dolandyryşynyň, saýlawçylary we dalaşgärleri hasaba almagyň, kampaniýa geçirmegiň we saýlaw günündäki proseduralaryň berjaý edilmegi barada beren maslahatlarynyň gözden salnandygyny aýtdy.


“Bu saýlawlar ne azat, ne adalatly, ne-de bäsleşikli boldy“ diýip, Karpenter aýtdy.


Amerikan ilçisiniň bu tankydy Türkmenistanyň wekiliýetiniň Warşawa maslahatynyň esasy mejlisinde 26-njy sentýabrda eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.


Türkmen wekiliýeti maslahatda Türkmenistanda "çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýändigini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny has-da kämilleşdirmek üçin kanunçylyk, institusional we dolandyryş çäreleriniň görülýändigini” aýtdy.


Şeýle-de, Aşgabatdan baran delegasiýa gatnaşyjylara halkara hukugynyň kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda yzygiderli ýerine ýetirilýändigini ynandyrmaga çalyşdy.



Türkmenistan halkara guramalary we hukuk goraýjylar tarapyndan ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça onlarça ýyl bäri tankyt edilýär, emma Aşgabat halkara hukugynyň kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda yzygiderli ýerine ýetirilýändigini aýdýar.


Şol bir wagtda ýurtda ýekeje-de hakyky garaşsyzlyk ýagdaýynda işleýän habar serişdesi ýok, daşary ýurtlaryň habar saýtlarynyň köpüsi, şol sanda Azatlyk radiosynyň saýty Türkmenistanyň çäklerinde ýapyk bolmagynda galýar, radionyň habarçylary yzygiderli ýanalýar, gorkuzylýar we gizlinlik şertlerinde işlemäge mejbur edilýär.


Mundan başga, Türkmenistanda garaşsyz hukuk goraýjylar hem açyk işläp bilmeýär, kazyýet, prokuratura edaralary anyk jenaýat işleri barada radionyň žurnalistleriniň berýän anyk soraglaryna, hatda adam ölümi, gender deňligi meselesinde-de hiç bir düşündiriş bermeýärler.



 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus