Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşda aradan çykdy

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşynyň içinde aradan çykdy diýip, rus media serişdeleri habar berýär.


Ol 30-njy awgustda giçlik “agyr we uzaga çeken keselden soň aradan çykdy” diýip, media serişdeleri Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasyny sitirleýär.


TASS habar agentligi maşgala wesýetinden habarly bir çeşmäniň sözlerine salgylanyp, Gorbaçýowyň 1999-njy ýylda aradan çykan aýaly Raisanyň ýanynda, Moskwanyň Nowodewiçi gonamçylygynda jaýlanjakdygyny habar berdi.


Sowet Soýuzynyň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýow 1985-nji ýylda Kommunistik partiýanyň hem-de Sowetleriň başyna geçdi. Şondan soňky alty ýyl Demir perdäniň çöküşine, Germaniýanyň birleşmegine we Sowet Soýuzynyň dargamagyna şaýat boldy. Sowet Soýuzynyň dargamagyny şol wagt KGB ofiseri bolan häzirki rus prezidenti Wladimir Putin “asyryň iň uly geosyýasy betbagtçylygy” atlandyryp gelýär.


Mihail Gorbaçýow Sowet Soýuzyny janly saklamak tagallalarynyň çäklerinde “aýdyňlyk” we “üýtgedip gurma” döwrüne ýol açdy.


Ol 1989-njy ýylda Gündogar Ýewropanyň Gündogar blogundaky ýurtlarda turan demokratiýaçy protestlere goşun ulanyp garşy durdy.


Ýöne ol ýerlerdäki ösüşler Sowet Soýuzyna girýän 15 respublikada demokratiýa we özbaşdaklyk hyjuwlaryny oýardy. Şondan soňky iki ýylyň dowamynda bolsa, kä zorluklyk hereketler bilen, Sowet Soýuzy dargady.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus