Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan howply galyndylary netijeli dolandyrmak boýunça täze taslama başlady

Zyýanly galyndylaryň serhetara geçirilişine we olaryň ýok edilişine gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasy boýunça, Türkmenistan täze taslamalary durmuşa geçirmäge başlady diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň Bazel konwensiýasy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirişine ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi gözegçilik edýär.


“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiriniň maglumatyna görä, durmuşa geçirilýän taslamanyň çäginde, gyzyklanýan taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, üç sany seminar geçiriler.


Şeýle-de, Bazel konwensiýasy boýunça ýörite gözükdiriji kitapçalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.


Habarda bellenmegine görä, Bazel konwensiýasynyň maksady jemgyýeti howply galyndylaryň zyňylmagynyň ýaramaz täsirlerinden goramakdan ybarat.


Bu ýerde gürrüň biomedikal we lukmançylyk galyndylary, ulanylan nebit önümleri, dowamly organiki hapalaýjy maddalar, himiki serişdeler we pestisidler, elektron we elektrik galyndylary, simap we asbest saklaýan materiallar we beýlekiler barada barýar.


Türkmenistan dünýäde howa goýberýän howply galyndylarynyň möçberleri boýunça alada döredýän ýurtlaryň biri bolup durýar.


“Bloomberg” neşiri golaýda günbatar Türkmenistanda 30 çemesi nebit-gaz enjamynyň bejerilmeginiň bu sebitiň howasyn goýberilýän zyýanly galyndylaryň düýpli azalmagyna getirjekdigini aýtdy.


Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň 29 sany nebit-gaz enjamy her ýyl ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky awtoulaglaryň howa goýberýän ýyllyk metan zyňyndylaryna barabar metan gazyny syzdyrýar.


Emma türkmen metbugaty bu hili maglumatlary çap etmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus