Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pelosi ABŞ-nyň Taýwan demokratiýasyny gorap saklamaga ygrarlydygyny aýdýar

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi 3-nji awgustda Taýwanyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Taýwany öz territoriýasy diýip yglan edýän Hytaýyň görkezýän garşylygyna garamazdan, Waşingtonyň öz-özüni dolandyrýan adanyň öňündäki borçnamalryndan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.


"Häzirki wagtda dünýä demokratiýa bilen awtokratiýanyň arasynda, olardan haýsam bolsa birini seçip almak meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Pelosi Taýwanyň prezidenti Tsaý Ing-wen bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.


"Amerikanyň Taýwanda we bütin dünýäde demokratiýany gorap saklamak baradaky aýgytlylygy üýtgewsiz bolmagynda galýar" diýip, ol aýtdy.


Pelosi 3-nji awgustda irden Taýwanyň kanun çykaryjy wekilleri bilen duşuşdy.


Pekin bu sapara jogap hökmünde adanyň töwereginde birnäçe harby türgenleşigi yglan etdi we delegasiýa 2-nji awgustda Taýwanyň paýtagty Taýpeýe gelenden soň birnäçe berk beýanat etdi.


Taýwany öz diýeninde durýan we zerur bolan halatynda güýç bilen anneksiýa edip boljak sebit hasaplaýan Hytaý ABŞ resmileriniň Taýwan bilen edýän gatnaşyklaryna adanyň onlarça ýyllyk de-fakto garaşsyzlygyny hemişelik etmek üçin berilýän meçew hökmünde garaýar. ABŞ resmileri bu tassyklamany ret etdiler.


Pelosiniň sapary, Wekiller öýüniň lideri derejesindäki ýokary wezipesi sebäpli, ABŞ-Hytaý dartgynlygyny güýçlendirdi.


1997-nji ýylda Nýut Gingriçiň eden saparyndan bäri, Pelosi çärýek asyryň içinde Taýwana sapar eden ilkinji spiker boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus