Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hukuk toparlary Eýranda jezalandyrylyp öldürilýänleriň “hopukdyryjy tolkunyny” ýazgarýarlar

Eýran şu ýylyň başyndan bäri 251 adamy dardan asyp öldürdi. Adam hukuklaryny goraýjy iki topar muny adamyň ýaşamagyna bolan hakyna edilýän “aýylganç hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.


Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Eýrandaky adam hukuklary boýunça Abdorrahman Boroumand Merkezi we Amnesty International topary bilelikde beýanat ýaýradyp, dardan asylyp öldürilenleriň tassyklanan sanynyň şu ýylyň iýunyna çenli aralygy öz içine alýandygyny aýtdylar. Şol bir wagtda, jezalandyrylyp öldürilenleriň asyl sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini hem bellediler.


Toparlar adamlary jezalandyryp öldürmek boýunça tendensiýanyň “hopukdyryjy derejede” özgerýändigini, şeýle-de munuň 2021-nji ýylda jezalandyrylyp öldürilen 314 adam görkezijisinden hem geçjekdigini aýtdylar.


Toparlar 2022-nji ýylda dardan asylanlaryň 146 sanysynyň adam öldürmek aýyplamalary esasynda ölüme höküm edilendigini, şol bir wagtda “sud diňlenişikleriniň adalatsyz bolandygyna güwä geçen ýagdaýlaryň hem bardygyny” bellediler.


Amnesty International toparynyň agzasy Diana Eltahawy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda, Eýranda her gün ortaça azyndan bir adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy. Ol muny “adamyň ýaşamaga bolan hukukyna edilýän aýylganç hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus