Baýden ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky işjeňligini dowam etdirjekdigini aýdýar
“Biz terk edip, emele gelen boşlugy Hytaýyň, Russiýanyň ýa Eýranyň doldurmagyna pursat bermeris” diýip, Baýden 16-njy iýulda Saud Arabystanyndan Waşingtona ugramazyndan öň eden çykyşynda belledi.
Baýden ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda halkara deňiz gatnawlarynyň goraglylygyny kepillendirmek ugrundaky tagallalary hem güýçlendirjekdigini aýtdy.