17-nji iýulda Stambulyň aeroportunda Türkmenistanyň raýatlarynyň müňe golaýy ýygnandy we ýurduna ugradylmagyny talap edip, nägilelik bildirdi. Bu gün irden Stambuldan Türkmenistana hökümet tarapyndan guramalaşdyrylan çarter reýsi ugrady. Günüň dowamynda adatdakysyndan tapawutlylykda Stambuldan Türkmenistana ikinji uçar hem ugrady. Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky habarçysynyň sözlerine görä, iren ugraýan çarter uçaryna münmek tamasy bilen baran adamlaryň sany bu sapar ozalkylaryndan ençeme esse köp bolup... Читать дальше...
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri 2020-nji ýyldaky Daglyk-Garabagdaky uruşdan soň ilkinji ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Üç sagatlap dowam eden duşuşyk 16-njy iýulda Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside geçdi. Şol bir wagtda, maslahatda gürrüňi edilen meseleleriň jikme-jikleri doly aýan edilmedi. Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň baş diplomaty Ararat Mirzoýan özüniň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary... Читать дальше...
ABŞ prezidenti Jo Baýden Ýakyn Gündogara edýän saparyny jemläp, Birleşen Ştatlaryň regiondaky işjeňligini dowam etdirjekdigini, şeýle-de sebitiň ýurtlaryna Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň täsirlerine garşy durmaga hemaýat berjekdigini aýtdy. “Biz terk edip, emele gelen boşlugy Hytaýyň, Russiýanyň ýa Eýranyň doldurmagyna pursat bermeris” diýip, Baýden 16-njy iýulda Saud Arabystanyndan Waşingtona ugramazyndan öň eden çykyşynda belledi. Baýden ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda halkara deňiz gatnawlarynyň... Читать дальше...