Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen-hytaý wekilleri howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.


12-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilen mejlisde kiçi komitetiň 2021-nji ýylda geçirilen ýedinji mejlisinden bäri edilen işlere seredildi, iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we özara hereketleriň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, resmi habarda umumy sözler bilen habar berilýär.


Mejlisde Owganystandaky ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hytaý tarapyna Aşgabadyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi kadalaşdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.


Şeýle-de, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen tarapy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirmegi teklip etdi diýip, habarda aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus