Eýranda ilatyň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy geçirilýän protestler ulalýar
21-nji iýunda Yspyhanyň Mahmudabat senagat şäherinde işçiler tapgyr dördünji gün iş taşlaýşy dowam etdirdiler. Döwletabat, Bagtyýar Daşt, Meýme, Rezwanşahr, Najafabat we Duşak senagat şäherçeleriniň işçileri hem iş taşlaýyşa goşuldy.
Şol bir wagtda, demirgazyk gündogar Eýranyň Maşat şäherinde taksi sürüjileri hem şäheriň esasy köçeleriniň birini petikläp iş taşlaýyş geçirdiler.
Eýranda ýaşaýyş we iş şertleriniň ýaramazlaşmagy, zähmet haklarynyň peselmegi ýaly oňaýsyzlyklar sebäpli işçileriň geçirýän protestleriniň gerimi ýaýbaňlanýar.
Eýranyň zähmet kodeksi raýatlaryň garaşsyz arkalaşyk döretmek hukugyny ykrar etmeýär. Şol bir wagtda, ilatyň beýleki gatlaklary, şol sanda pensionerler hem ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady şertlere we häkimiýetleriň durmuş şertlerini gowulandyrmak wadalaryny berjaý etmeýändigine garşy protest geçirýärler.
18-nji iýunda Raisiniň saýlaw ýeňşine bir ýyl doldy.