Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarusda Jorj Orweliň "1984" kitabyny satmak gadagan edildi

Belarus dünýä belli iňlis ýazyjysy we žurnalisti Jorj Orwelliň "1984" kitabynyň satylmagyny gadagan etdi diýip, “Настоящее Время” "Naşa Niva" neşirine salgylanyp habar berýär.


"Orwell J.-yň “1984” kitabynyň ähli görnüşini satuwdan aýryň. Bu görkezmäniň ýerine ýetirilişi barada 19-njy maýdan gijä galman hasabat beriň" diýip, "Naşa Niva" iňlis ýazyjysynyň belarus dilinde hem okyjylaryny tapan kitabynyň gadaganlygy baradaky buýrugyň göçürmesine salgylanyp ýazýar.


Bu roman belarus dilinde ilkinji gezek 1992-nji ýylda, terjimeçi Sergeý Şupanyň terjimesinde çap edildi. Bu roman 2020-nji ýylda Andreý Ýanuşkewiçiň neşirýaty tarapyndan gaýtadan çap edildi, 2021-nji ýylda bolsa onuň goşmaça neşirleri satuwa çykdy.


Bu kitap döwlet eýeçiligindäki "Belkniga" ulgamynda iň köp satylan kitaplaryň sanawynda dördünji orunda durýar diýip, habarda bellenýär.


Belarusyň "Knigauka" kitap dükanynda 16-njy maýda geçirilen barlag, gözleg işlerinden soň, Andreý Ýanuşkewiç tussag astyna alyndy we onuň 200 kitaby konfiskasiýa edildi.


Şeýle-de, hukuk goraýjy guramalar onuň neşirýat öýüniň maliýeleşdiriş çeşmelerini barlamakçy bolýar.


Belarus häkimiýetleri Jorj Orweliň bu kitaby barada öňräkden bäri biynjalyk bolýarlar.


Geçen ýylyň martynda Witebskde garaşsyz žurnalist, Belarusyň sebitdäki žurnalistler bileleşiginiň başlygy Dmitriý Kazakewiçe kazyýet işi wagtynda kaza Jorj Orweliň "1984" romanyny sowgat bermäge synanyşandan soň $670 jerime tölemeli edildi. Kazy ony Belsat.eu bilen hyzmatdaşlyk edip, iki sany makala ýazmak bilen, metbugat hakyndaky kanuny bozmakda, ýagny ‘bikanun’ işlemekde aýyplady.


Kazakewiç ýazan makalalarynyň birinde kwartirasyndaky ak we gyzyl reňkli tutula üçin wagtlaýyn tussaghanada üç günläp oturan mugallymyň işden çykarylmagy, beýlekisinde polisiýa işgärlerine garşy durmakda aýyplanan ýerli ýaşaýjynyň kazyýet işi barada gürrüň berendigini aýtdy.


Ol tussaglykdaky kärdeşlerine raýdaşlyk bildirip, kaza düşündiriş bermekden saklandy we, özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýdyp, Jorj Orweliň “1984” romanyndan sitata getirip, ol kitabyň belarus dilindäki neşirini kazy Andreý Şidlowskä sowgat berdi.


Emma ol, kazylara munuň gadagandygyny aýdyp, bu sowgady kabul etmedi we belarus dilinde okamaýandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus