Мы в Telegram
Добавить новость

Полянский обратил внимание на пост экс-главы МИД Линкявичуса о Крымском мосту

РИА «Новости»: брата арестованного Курбонова ранее привлекали за хулиганство

Минобороны: силы ПВО сбили 20 беспилотников ВСУ за ночь

Михаил Кокляев провёл разминку для гостей выставки «Россия»

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýar

Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýar

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, ilat arasynda palçylardan, tebiplerden we porhanlardan haraý gözleýän adamlar köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda ýoň bolan şeýle meýilleriň jikme-jikligini öwrenýärler.

Synçylara görä, däp-dessurlara berk eýerýän konserwatiw türkmen jemgyýetinde köplenç yrymçy adamlar, şol sanda käbir döwlet gullukçylary kömek sorap, palçylaryň we tebipleriň gapysyna barha köp barýarlar.

Ylmy subutnamalardan mahrum bolan ezoteriki hyzmatlar, Azatlygyň habarçylaryna görä, dürli kynçylyklara sezewar bolan adamlar üçin çykalga gapysyna, bu hyzmatlardan girdeji gazanýan adamlar üçin bolsa düşewüntli gazanç çeşmesine öwrülýär.

Halk yrymlaryna baý bolan türkmen jemgyýetinde geljekden habar berýändiklerini öňe sürýän palçylar täze-täze usullary işe girizýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitleriň birinde soňky ýyllarda telefon arkaly pal atýan palçylaryň rowaç alýandygyny habar berýär.

“Biziň sebitimizde palçylaryň we tebipleriň hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlar gaty kän. Öňküsinden köpelýär. Hatda indi telefon arkaly hem pal atyp berýärler. Palçylaryň telefon belgilerine 15-30 manat pul geçirseňiz, ol siziň täleýiňizden habar berýär” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan tebipleriň we palçylaryň hyzmatlaryny kanun taýdan gadagan etmeýär, ýöne olaryň işleriniň mahabatlandyrylmagy kanun taýdan gadagan edilýär. 2016-njy ýylda güýje giren “Mahabat hakyndaky” kanun ýurtda ekstrasensleriň, palçylaryň we şuňa meňzeş tebigy bolmadyk ukyplara eýe bolandyklaryny öňe sürýän adamlaryň hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagyny gadagan edýär.

Muňa garamazdan, habarçylarymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, hatda howpsuzlyk gulluklarynda işleýän döwlet gullukçylary özara üýşmeleňlerde özleriniň ýüz tutýan palçylary barada gürrüň berip, olaryň işlerini gytaklaýyn mahabatlandyrýarlar.

Öz gezeginde, käbir palçylar hem howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edip, olar bilen öz müşderileri barada maglumat alyşýarlar.

“Käbir palçylar organ işgärleri bilen bile işleşýärler. Olar informasiýa toplap, organ işgärlerine iberip durýarlar. Şol sebäpden olara hiç kim azar bermeýär” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň, galyberse-de palçylaryň we tebipleriň howpsuzlygyny göz öňünde tutup, olaryň ýaşaýan welaýatlarynyň adyny aýan etmekden saklanýar.

“Organ işgärleri toýda ýa-da üýşmeleňde bir palçynyň gürrüňini etse, şol palçy birnäçe ýyllap ýygnap bilmedik müşderisini bir aýa ýetmän gysga wagtyň içinde ýygnaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berýär.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri türkmen häkimiýetleriniň tebiplerden ygtyýarnama talap edýändiklerini habar berýär.

Neşire görä, apreliň başlarynda Lebap welaýatynyň “Çowdur” geňeşliginde polisiýa işgärleri bir tebibiň öýüne baryp, ondan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden ýörite ygtyýarnama almagy talap edipdirler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda öwlüýälere, gonamçylyklara, gadymy galalara baryp, dileg edýän, şeýle ýerlerden haraý gözleýän adamlaryň köpelýändigini habar berýär.

Maglumata görä, ilat arasynda her öwlüýäniň bir ugra ýardam berýändigine ynanylýar. Ýerli ýaşaýjylar, meselem, bergiden aňsat dynmak üçin bir öwlüýä, söwdany ösdürmek üçin başga bir öwlüýä çokunýarlar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, gonamçylyklara baryp, şol ýeriň topragyndan gum alýan we alan gumuny öýünde saklaýan, ýa-da gonamçylykda ösüp oturan bir agaja mata daňýan, mata daňan agajynyň aşagyndan geçip, çilesiniň açylýandygyna ynanýan adamlar bar.

“Hatda bäbejikleri hem gonamçylyga eltip, bir ýatan bendäniň daşyndan aýlaýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Ezoteriki hyzmat hödürleýän palçylar, ýa-da özleriniň tebigy bolmadyk ukyplara eýedigini öňe sürýän ekstrasensler we beýlekiler öz müşderilerini geň-taň rituallary berjaý etmäge iterýärler.

“Palçylaryň tabşyrygyna eýerip, gonamçylyga surat gömüp gaýdýan adamlar bar. Käbir adamlar kellä sygmajak yrymlary ýerine ýetirýärler. Olar oýunjak awtoulag, açar, gulp, iňňebagjyk, ilik, gurjak, kiçijik sallançak we aşyk ýaly bir topar düşnüksiz zatlary gonamçylyga goýup gaýdýarlar. Şol zatlaryň üsi bilen arzuwlarynyň hasyl boljagyna ynanýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

“Näsag adamlar gonamçylygyň gumuny endamyna çalýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Işan-mollalar, palçylar we beýlekiler öz hödürleýän hyzmatlary üçin dürli nyrh kesýärler. Nyrh soraýan işan-mollalaryň we palçylaryň tölegleri 300 manatdan 5000 manada çenli üýtgeýär. Ýöne habarçymyza görä, nyrh soramaýan, “özüň göwnüňden çykaranyňy beräý” diýýän palçylar hem bar.

Özüniň azatlykdan mahrum edilen ýakyn hossaryny ýurtda wagtal-wagtal yglan edilýän günä geçişlige goşulmagy üçin mollalara 2000-3000 manat möçberinde töleg töläp, doga-tumar alýan raýatlar hem bar.

“Hökümetdäki adamlar şol tussaga rehim-şepagat etsin diýip, mollalara doga okadýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan adam başyna düşýän tussag sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda iň öňdäki orunlary eýeleýär.

Habarçymyza görä, ýurtda hödürlenýän saglyk hyzmatlaryndan bejergi alyp bilmedik adamlar, ýa-da bejergä gurby çatmaýan adamlar halk emlerine ýüz urýarlar we tebiplerden haraý gözleýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýurt raýatlarynyň döwrebap medisina hyzmatlary bilen üpjün edýändigini gaýtalaýar.

“Garyplyk, saglyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy adamlary tebiplere ýüz tutmaga iterdi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar. Olar käbir lukmanlaryň öz näsagyny bejerip bilmän, olara halk emlerini synap görmegi maslahat berýändigini, bu ýagdaýyň hem tebipleriň rowaçlanmagyna täsir edýändigini aýdýarlar.

Iki ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusa garşy öz ilatyna üzärlik tütetmegi maslahat berip, halkara derejesinde meşhurlyk gazandy.

Galyberse-de, Türkmenistanyň öňki prezidenti derman ösümliklere bagyşlanan birnäçe tomluk kitabyň awtorydyr.

Berdimuhamedow her täze ýyla gadam basylmagynyň öň ýany döwlet telewideniýesinde geljek ýyl barada özüniň astrologiki çaklamalary bilen çykyş edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitlerdäki döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň arasynda wagtal-wagtal paýtagt Aşgabatdan iberilen barlaglardan halas bolmak üçin hem, mollalara, palçylara çokunýan, olara töleg töläp, doga alýan adamlaryň bardygyny habar berýär.

“Türkmenistanda para berseň, köp meseläni, palçylara ýüz tutmazdan çözüp bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

“Adamlar öz durmuşyny palçylaryň üsti bilen ýeňletmek isleýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Михаил Кокляев провёл разминку для гостей выставки «Россия»

Минобороны: силы ПВО сбили 20 беспилотников ВСУ за ночь

«К сожалению»: смогут ли клиенты криптобиржи Beribit вернуть свои деньги

Полянский обратил внимание на пост экс-главы МИД Линкявичуса о Крымском мосту

Музыкальные новости

Подмосковные проекты победили в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023

звезды шоу-бизнеса посетили весеннюю неделю моды estet fashion week

Сбер подарил Орлу умный светомузыкальный фонтан

«Поборол это гнусное чувство». Актер Галкин — о своей маленькой дочке, зависти и настоящей любви

Новости России

Блогер Тамаев попал в аварию в Москве

В Москве в парке нашли труп мужчины

Известный блогер Тамаев попал в ДТП на люксовом авто около «Москва-Сити»

Минобороны: силы ПВО сбили 20 беспилотников ВСУ за ночь

Экология в России и мире

Спецвыпуск журнала «Стратегии развития» посвященный героям Великой Отечественной войны и Специальной военной операции

Отец из Панамы, школьная любовь и любимая еда: Елена Борщёва раскрыла все тайны на шоу ТВ-3 «Вкусно с Анфисой Чеховой»

585*ЗОЛОТОЙ» дарит украшения за установку мобильного приложения

Токсиколог Кутушов рассказал почему возникает похмелье

Спорт в России и мире

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде

Кто отец Дианы Джокович?

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде

Азаренко не смогла пробиться в 1/8 финала турнира в Мадриде, уступив Соррибес-Тормо

Moscow.media

"Ущерба машине на несколько сотен тысяч рублей"

Музеи Твери. Императорский путевой дворец.

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»

Утро у монастыря...











Топ новостей на этот час

Rss.plus






РИА «Новости»: брата арестованного Курбонова ранее привлекали за хулиганство

Известный блогер Тамаев попал в ДТП на люксовом авто около «Москва-Сити»

В Москве в парке нашли труп мужчины

The Telegraph сообщила о планах Британии создать собственные ракеты к 2030 году