Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mary: Soňky jaň çykdajylary ene-atalary günsaýyn surnukdyrýar

Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň soňky jaň dabarasyna görýän taýýarlyklary dowam edýär. Mary welaýatynyň mekdeplerinde uçurymlar bu taýýarlyklar üçin müňlerçe manat sarp etmeli bolýarlar. Bu ýagdaý, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli onsuzam gurpdan düşen eli ýuka maşgalalary aljyradyp, olaryň aladalaryny artdyrýar. 


"Uçurymlaryň çykdajylary gün-günden köpelýär. Her gün bir zat üçin pul ýygnalýar ýa-da başga bir zady satyn almaly bolýar. Bu çykdajylar ene-atalary gaýga goýýar" diýip, maryly ene anonimlik şertinde 11-nji maýda gürrüň berdi.


Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin soňky jaň dabarasy adatça her ýylyň 25-nji maýynda geçirilýär. 2013-nji ýylda ýurtda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyryldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe gabat gelýär. Ýaşlar bu gün geýmek üçin täze egin-eşikleri, tahýalary, köwüşleri we beýleki zatlary satyn almaly bolýarlar.




Ýöne Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalar çykdajylaryň diňe munuň bilen hem çäklenmeýändigini aýdýarlar.


Olaryň sözlerine görä, mekdebi tamamlaýan ýaşlar uçurym suratlary, soňky jaň dabarasynyň guramaçylyk işleri, mekdepde abatlaýyş işlerini geçirmek, şeýle-de mugallymlara, şol sanda synp ýolbaşça we mekdep müdirine beriljek sowgatlar üçin hem pul goşmaly bolýarlar.


"Mekdep mugallymlarynyň her birine 500-600 manat aralygynda sowgat alyp berýärler. Mundan başga-da, synp ýolbaşçylary zenan bolsa gyzyl ýüzük, erkek adam  bolsa gymmatbaha sowgat almaly bolýarlar. Ýurtda ortaça aýlyk 1000 manatdan gowrak wagty, her bir okuwçynyň çykdajysy azyndan 5000 manada düşýär" diýip, maryly ene munuň resmi kursda azyndan $1400, gara bazaryň nyrhynda $270 deňdigini hem aýtdy.


Ol synaglar döwründe mugallymlaryň iýjek günortanlyk naharlarynyň çykdajylarynyň hem okuwçylaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenýändigini sözüne goşdy.


Habarçymyz geçen ýyllardaky tejribelere salgylanyp, çykdajylar sebäpli köp okuwçynyň soňky jaň dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini, käte olaryň öz janyna kast etmegi bilen bagly wakalaryň bolýandygyny hem aýdýar.




"Köp okuwçy gyzlar öz barly klasdaşlaryndan kem galmajak bolup, ten satmak ýaly işlere hem baş goşýarlar. Bu hili hadysalar gaty kän. Ýurtda baýlyk-garyplyk höküm sürýän mahaly, pajygaly ýagdaýlar köp bolýar" diýip, maryly ene aýtdy.


Azatlyk Türkmenistanda uçurymlardan soňky jaň dabaralary üçin pul toplanýandygy, çykdajylaryň ene-atalara agram salýandygy, olaryň çagam deň-duşlarynyň ýanynda kemsinmesin diýip, bergi-borja girýändigiişi, kähalatda bolsa, öz janyna kast eden ýaşlar hakynda barada ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.


Geçen hepde Balkandaky habarçymyz hem, soňky jaň dabaralary üçin ýygnalýan pullaryň eli ýuka maşgalalary basyşa sezewar edýändigini habar berdi. Balkanly ene-atalar şu ýyl ýygnalýan pullaryň mukdarynyň, mekdebe görä, 2000 manatdan 10000 manada çenli üýtgeýändigini aýtdylar.


Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär. Azatlygyň ýurduň Bilim ministrliginden, şeýle-de Marydaky bölüminden soňky jaň dabaralarynyň çykdajylary we munuň bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar baradaky soraglara jogap almak tagallalary hem netije bermedi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus