Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Zelenski Günbatara sagbol aýtdy, ýöne görlen çäreleriň 'biraz giç' bolandygyny belledi

Söweşleriň möwjemegi bilen, 25-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşy ikinji aýyna girdi,  günbatar ýaranlary Kiýewe has köp harby goldaw wada berip, Moskwa garşy ýene bir topar sanksiýa girizdi.


Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainany goldamakda we Russiýa garşy sanksiýa girizmekde bilelikde işlänligi üçin NATO hem-de Ýewropa Bileleşigine minnetdarlyk bildirdi, ýöne ol bu çäreleriň biraz öň görülmändigini, eger şeýdilen bolsa, Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmezinden öň mazaly oýlanmaly bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.


NATO-nyň 30 ýurdunyň, Ýediler toparynyň we Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunyň ýolbaşçylary 24-nji martda Brýusselde geçiren görlüp-eşidilmedik sammitlerinde Russiýa garşy täze sanksiýalar toplumyny we Ukraina beriljek goşmaça kömekleri yglan etdiler.


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukraina üçin 1 milliard dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi. Şeýle-de ol 25-nji martda Polşanyň ýolbaşçylary bilen energiýa we bosgun meseleleri boýunça gepleşik geçirmek üçin Warşawa gitmezinden öň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen duşuşar.


Şeýle-de, Baýden polýak-ukrain serhediniň golaýyndaky Rzeszow şäherine syýahat eder. Bu şäher Ukrainadan 80 km uzaklykda ýerleşýär.


Ukraina 25-nji martda Mariupolda galan parahat ilaty  hususy ulaglarda ewakuasiýa etmek üçin ygtybarly koridor açmaga umyt baglaýar diýip, wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk aýtdy.


Ukrain güýçleri söweşde rus goşunlaryny Kiýewiň töweregindäki sebitleriň käbirinden yza serpikdirendigini, Mariupolyň golaýynda, Azow deňzinde ýerleşýän rus transport gämisine üstünlikli zarba urandygyny aýdýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus