Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

BMG Ukrainadaky uruşdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliondan geçendigini aýdýar

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy Russiýanyň Ukraina goşun sürmegi sebäpli ýurtdan gaçýanlaryň sanynyň 2 milliona ýetendigini aýtdy.


BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi  Russiýa 24-nji fewralda goňşy ýurda goşun süreli bäri Ukrainadan gaçyp gelýän adamlary öz serhedinde kabul edýän ýurtlara, Moldowa, Polşa we Rumyniýa baryp göreninden soň, Osloda guralan metbugat ýygnagynda çykyp gürledi.


Grandi, deňeşdirmek üçin aýdylsa, Bosniýada we Kosowada bolan Balkan urşy wagtynda "belki, iki-üç million bosguny görendigini, ýöne munça adamy diňe sekiz ýylyň dowamynda" görendigini aýtdy.


"Dünýäniň beýleki bölekleri muny gören hem bolsa, Ýewropada bu ýagdaý Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek bolýar" diýip, Grandi sözüni dowam etdirdi.


BMG-niň bosgunlar edarasy  7-nji martda Ukrainadan bosan adamlaryň sanynyň 1,7 milliondan gowrak bolandygyny aýtdy. 


BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Mişel Baçlet Ukrainadaky uruş zonalarynda gabalyp, çykyp bilmän galan raýatlaryň sag-aman howpsuz ýere çykmagyna ýol berilmegine çagyrdy.


Baçelet Ženewada ýerleşýän guramanyň wideo ýüzlenmesinde "Men duşmançylyklary parahatçylykly tamamlamak baradaky gyssagly çagyryşymy gaýtalaýaryn" diýdi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus