Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň Ukraina çozmagyny ýazgardy, Türkmenistan ses bermedi

BMG-niň Baş Assambleýasy üçünji gün, Orsýetiň Ukraina goşun sürmegini ýazgarmak üçin ses berip, Moskwanyň söweşi bes etmegini we harby güýçlerini yza çekmegini talap etdi. Bu çäre Russiýany dünýä derejesinde diplomatiýa esasynda izolirlemegi maksat edinýär.


Baş Assembleýanyň Russiýany ýazgarmak üçin çagyrylan mejlisine Türkmenistan gatnaşmady; Belarus, Siriýa, Demirgazyk Koreýa, Russiýa we Eritreýa Russiýanyň ýazgarylmagyna garşy ses beren ýeke-täk ýurtlar boldy.


Agza ýurtlaryň otuz bäşisi, şol sanda Hytaý rus çozuşyny ýazgarmaga ses bermekden saklandy. Emma Russiýanyň öňden gelýän ýarany Serbiýa Moskwanyň garşysyna ses berdi.


Türkmenistan Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeninde hem Moskwany ýazgarmak üçin çagyrylan ses berişlige gatnaşmady.


Şu aralykda, 2-nji martda BMG-Türkmenistan Türkmenistanyň hökümetini BMG-niň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, ýagty we abadan geljegi arzuw etdi, geljekki ýyllarda hem ýakyn hyzmatdaşlyga garaşýandygyny aýtdy.  


Assambleýanyň 193 agzasynyň 141-si tarapyndan goldanan rezolýusiýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň çagyran seýrek adatdan daşary sessiýasynda, ukrain güýçleriniň ýurduň şäherlerine urulýan agyr howa zarbalary astynda port şäheri Hersony goramak üçin söweşýän wagtynda, ýykgynçylykly bombalamalaryň ýüzlerçe müň adamy ýurtdan bosmaga mejbur edýän pursatynda kabul edildi.


Rezolýusiýanyň tekstinde Russiýanyň "Ukraina garşy agressiýasyna" gynanç bildirilýär. BMG-niň maglumatyna görä, Howpsuzlyk geňeşi soňky gezek Baş Assambleýanyň gyssagly mejlisini 1982-nji ýylda geçirdi.


"Milletler Guramasynyň 141 agza döwletine mälim bolşy ýaly, bu ýerde Ukrainadaky konfliktden has köp howp-hatar bar. Bu Ýewropanyň howpsuzlygyna we düzgünlere esaslanýan ähli tertibe abanýan howp" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken ses berişlikden soň žurnalistlere aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus