Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýa Ukrain paýtagtynyň eteklerine dyzaýar, Zelenski rus hüjümlerinde 137 adamyň ölendigini aýdýar

Bir gün öň ýurda gury ýer, deňiz we howa arkaly Ukraina garşy hüjüme geçen Russiýa 25-nji fewralda paýtagt Kiýewiň eteklerine aralaşdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ýaýradan maglumatlaryna görä, rus harbylary şäherlere we harby bazalara howa zarbalaryny urup, goşunlaryny we tanklaryny iberip, 137 parahat ýaşaýjyny we harby işgäri öldürdi.


25-nji fewralda irden ýaýradylan wideo prezident wepat bolanlary "gahrymanlar" diýip atlandyrdy we 24 sagatdan hem az wagt içinde söweşde 300-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.


Zelenski Russiýanyň 25-nji fewralda ir sagat 4-de raketa zarbalaryny gaýtadan başlandygyny, ýöne rus goşunlarynyň hüjümleriniň köp ugurda öňüniň alnandygyny aýtdy.


25-nji fewralda Kiýewde partlama sesleri eşidildi.


Ukrain harbylary Kiýewiň 60 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Iwankiw sebitinde aldym-berdimli söweşleriň bolandygyny habar berdi.




"Şu gün iň kyn gün bolar. Duşmanyň niýeti Iwankiwiň we Çernihowyň gapdaly bilen tank kolonnalaryny Kiýewe tarap geçirmekden ybarat" diýip, Içeri işler ministrliginiň geňeşçisi Anton Geraşçenko Telegramda aýtdy.


"Olar adamlary öldürýärler we asuda şäherleri harby nyşana edinýärler. Bu elhenç we hiç haçan bagyşlanmaz" diýip, Zelenski aýtdy.


Prezident Odessa sebitindäki Zmiinyi (Ýylan) adasyndaky serhet goragçylarynyň ählisiniň öldürilendigini aýtdy. Olaryň hemmesi Ukrainanyň Gahrymany diýen ýokary derejeli sylag bilen hatyralanar diýip, prezident aýtdy.

Ukrainanyň serhet gullugy adanyň rus goşunlary tarapyndan basylyp alnandygyny habar berdi.


Çekýän ýitgilerine garamazdan, Zelenski Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň “ýurdy dünýäniň iň güýçli döwletleriniň birine garşy durup, aňrybaş derejede goraýandygyny” aýtdy.


Şeýle-de prezident öz ýurdunyň Russiýa garşy söweşde "ýeke galdyrylandygyny" aýtdy. Ol "Kim biz bilen bilelikde söweşmäge taýyn? Men hiç kimi göremok" diýdi.


Russiýa goňşy ýurda meýilleşdiren çozuşyny 24-nji fewralda, daň atmanka başlady, şäherlere we harby bazalara howa hüjümlerini amala aşyrdy we dürli tarapdan goşun we tank iberdi. Goranmak ministriniň orunbasary gündogar Donetsk sebitini ruslaryň agyr top okuna tutandygyny habar berdi.


Ukrain resmileri öz güýçleriniň ruslar bilen köp frontda söweşýändigini we dünýäniň iň erbet ýadro betbagtçylygy bolan Çernobyl ýadro desgasynyň ýerleşýän ýerini elden giderendigini aýtdy.


Şeýle-de, demirgazyk-gündogardaky Sumy we Harkow sebitlerinde, günortada bolsa Ukrainanyň iň möhüm deňiz porty bolan Kerson we Odessa sebitlerinde güýçli atyşyklar boldy.


Ukraina BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde gyssagly çekişme geçirilmegini sorady diýip, BMG aýtdy.


Bu talap, Russiýanyň ukrain topraklaryndaky duşmançylyklary sebäpli, ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň adatdan daşary erbetleşmegine jogap hökmünde edilýär diýip, Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýewheniýa Filipenko prezidentiň forumyna Ženewadan iberilen hatda aýtdy.


Geňeşiň prezidenti bu talap boýunça 47 agzaly gurama bilen duşuşar we ýagdaýy ara alyp maslahatlaşar. Guramanyň 28-nji fewralda geçiriljek esasy ýyllyk mejlisinde gyssagly çekişme geçirmek üçin sesleriň ýönekeý köplügi zerur. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus