Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Zelenski rus güýçleriniň Çernobyl atom elektrik stansiýasyny ele geçirmäge synanyşýandygyny aýdýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus güýçleriniň dünýäniň iň erbet ýadro betbagtçylygynyň bolup geçen ýeri bolan Çernobyl atom elektrik stansiýasyny ele geçirmäge synanyşýandyklaryny aýdýar.


Rus harby güýçleri ýadro desgasynyň ýerleşýän zonasyna girdiler we söweşiň giň gerimli daşky gurşaw betbagtçylygyna ýol açmagyndan gorkulýar diýip, ukrain resmileri aýtdy.


“Basybalyjy rus güýçleri Çernobyl atom elektrik stansiýasyny ele geçirmäge synanyşýar. 1986-njy ýylyň tragediýasy ýene gaýtalanmaz ýaly, biziň esgerlerimiz janlaryny gurban edýär” diýip, Zelenski Twitterde aýtdy.


Ol Çernobyl desgasynyň gözegçiligi ugrunda Kiýew güýçleriniň rus goşunlaryna garşy söweşýändiklerini aýtdy. 1986-njy ýylyň aprelinde Çernobyl desgasyndaky ýadro reaktorlaryndan biri ýarylanda Ýewropa radioaktiw galyndylar döküldi.


Kiýewiň 130 kilometr demirgazygynda ýerleşýän desga ulanyşykdan çykarylypdy hem-de ýarylan reaktor, radioaktiw syzmalaryň öňüni almak üçin, gorag galkany bilen örtülipdi.


Has ozal, içeri işler ministriniň orunbasary Anton Geraşçenko rus goşunlarynyň Belarusdan gelip, Çernobyl ýadro desgasynyň ýerleşýän zonasyna girendiklerini aýtdy.


Radioaktiw galyndynyň saklanyşyna sakçylyk edýän Milli gwardiýa berk garşylyk görkezýär diýip, Geraşçenko aýtdy.


“Eger-de basybalyjylaryň artilleriýa zarbalary sebäpli ýadro galyndylary saklanýan desga ýykylsa, radioaktiw tozan Ukrainanyň, Belarusyň we ÝB ýurtlarynyň çäklerini gurşap alar” diýip, ol aýtdy.


Prezidentiň edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Mikaýlo Podoliak metbugat ýygnagynda eden çykyşynda birnäçe rus sabotaž hem-de ekspedisiýa toparlarynyň Çernobyl ýadro desgasynda “terror aktyny” amala aşyryp, daşky gurşaw betbagtçylygyna ýol açmak isleýändikleri barada subutnama bardygyny aýtdy.


“Bu, ýurtda bolup geçýän zatlary ymykly üýtgedýär” diýip, Podoliak aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus