ABŞ: Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerinden soň, Baýden-Putin sammiti gün tertibinden aýryldy
Ak Tamyň metbugat wekili Jen Psaki 22-nji fewralda eden çykyşynda, Putiniň Ukrainanyň iki separatist sebitiniň garaşsyzlygyny ykrar edip, ol ýere goşun ibermek baradaky kararyndan soň, iki lideriň arasyndaky teklip edilen gepleşikleriň gün tertibinden aýrylandygyny aýtdy.
Psaki iki lideri arasyndaky duşuşyk mümkinçilikleriniň aradan aýrylmaýandygyny, emma Baýdeniň rus prezidenti bilen diňe Russiýanyň Ukrainadaky goşunyny yza çekip, dartgynlylyklary gowşadandan soň görüşjekdigini aýtdy.
Mundan birnäçe sagat ozal, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken şu hepde rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen planlaşdyrylan duşuşygyny ýatyrandygyny mälim etdi.