Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýa, ABŞ, Ukraina üstündäki oňuşmazlyklara garamazdan, has kän diplomatiýa ýol açýar

Russiýa 27-nji ýanwarda Ukraina üstündäki gapma-garşylyk esasynda bildiren howpsuzlyk aladalaryna ABŞ-dan “oňyn jogap” almandygyny, ýöne birnäçe mesele boýunça dialogy dowam etdirmek mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.


Garaşylyşy ýaly, Birleşen Ştatlar we NATO 26-njy ýanwarda Moskwanyň Ukrainanyň harby bileleşige girmek mümkinçiliginiň gapysyny hemişelik ýapmak baradaky teklibini ret etdi we Gündogar Ýewropada goşun we harby tehnika ýerleşdirilmek meselesini maslahatlaşmajakdygyny aýtdy.


Emma muňa garamazdan, ABŞ Moskwa ýazan hatynda, öz sözleri bilen aýdylsa, Ukrainadaky krizisi çözmek üçin “çynlakaý diplomatik ýol” hödürledi.


Indi esasy üns prezident Wladimir Putiniň ABŞ-nyň teklibine nähili jogap berjekdigine gönükdi.


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 27-nji ýanwarda žurnalistlere Amerikanyň beren jogabyndan Russiýanyň aladalaryny nazara almak “isleginiň” ýokdugynyň görnendigini we onuň “optimizm üçin kän ýer goýmandygyny” aýtdy.


Ýöne ol "gepleşikleri dowam etdirmek perspektiwalarynyň hemişe bardygyny we munuň iki tarapa hem bähbitlidigini” belledi.


Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa aýratynlykda çykyş edip, Russiýanyň esasy islegine - Ukrainanyň NATO-a goşulmazlygy baradaky talabyna üns berilmändigini, ýöne beýleki meselelerde öňe gitmegiň mümkindigini aýtdy.


Şu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenski bilen telefonda gürleşip, eger-de Russiýa Ukraina çozsa, Birleşen Ştatlaryň ýaranlary bilen bilelikde, Moskwa "aýgytly gaýtawul bermäge" taýýardygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus