Andijanda sosial ulgamlar arkaly “Hizb ut-Tahrir” dersini alýan aýallar saklandy
Aýal-gyzlaryň 16-njy ýanwarda, Döwlet howpsuzlyk gullugy we IIM-niň sebit bölümleri, Andijan oblastynyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş bölümi tarapyndan geçirilen operasiýa wagtynda, bir aýalyň öýünde toplanyp, dini sapak geçýän wagtlarynda tussag edilendigi aýdylýar.
IIM-niň maglumatyna görä, olar Türkiýede ýaşaýan bir aýalyň görkezmesi esasynda, dini guramanyň agzalarynyň bir-biregi nahara çagyrmagy bilen, hususy öýlerde yzygiderli duşuşyk geçiripdir.
Hakykatda olar nahar iýmek üçin ýygnanyşman, sosial ulgamlar arkaly Türkiýede ýaşaýan bir aýaldan “Hizb ut-Tahrir” boýunça sapak alýan eken diýip, habarda aýdylýar.
Bu iş boýunça häzir derňew geçirilýär.