Barlaglar sanjymlary garmagyň immuniteti güýçlendirýändigini görkezýär
“Biz hakykatdan hem immunitetiň gowy jogap gaýtarýandygyny tapdyk... aslynda iki Oksford-AstraZeneca sanjym dozalarynyň başdaky netijelerinden hem ýokary” diýip, barlaglara gatnaşan Oksford professory Metýu Sneýp (Matthew Snape) 6-njy dekabrda Roýterse gürrüň berdi.
Ol barlag netijeleriniň hususan-da garyp ýurtlar üçin oňyn habar bolup biljekdigini aýtdy. Sebäbi, olar haçan-da özlerine üpjün edilen dozalaryň birden-biri gutarsa başga-başga waksinalary garmaga mejbur bolup bilerler.
“Meniň pikirimçe bu barlagyň netijeleri hususan-da pes we orta girdejili ýurtlar üçin gyzykly bolup biler. Ol ýurtlarda henizem birinji we ikinji doza sanjymlar urulýar” diýip, Sneýp aýtdy.