Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýewropa ýene pandemiýanyň merkezine öwrülýär, käbir ýurtlar çäklendirmeleri gaýtadan girizmeli bolýar

Koronawirus pandemiýasynyň episentri ýene Ýewropa süýşdi. Sebitde birnäçe ýurt COVID-19 sanlarynyň aladaly ýokarlanyşynyň öňüni almak üçin gaýtadan çäklendirme girizip başlady.


Sanjym işleriniň ýokary depginine, şol bir wagtda ösen saglygy goraýyş ulgamlaryna garamazdan, Ýewropada hepdelik koronawirus sanlary oktýabryň başlaryndan bäri ýokarlanýar.  Häzirki wagtda bu sanlar pandemiýa başlanaly bäri hasaba alnan ýokary sanlardan hem geçdi.


Geçen birnäçe günüň dowamynda Ýewropada 2,1 milliondan gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy. Munuň bilen 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň birinji hepdesinde hasaba alnan rekord san täzelendi.


Bäş ýurt – Britaniýa, Germaniýa, Russiýa, Türkiýe we Ukraina – COVID-19 hadysalarynyň 50 göterimden gowrak ýokarlanýandygyny hasaba aldy. Ölüm sanlary hem artýar.


Bütindünýä Saglyk Guramasy geçen hepde koronawirus sanlarynyň 10 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Ýurtlar COVID-19 sanlarynyň ýokarlanmagyna dürli usullar bilen jogap gaýtarýarlar.


12-nji noýabrda golland hökümeti üç hepde möhlet bilen bölekleýin petikleme girizdi. Awstriýa bolsa ýurduň iki sebitinde 15-nji noýabrdan başlap, sanjym kabul etmedik adamlaryň diňe belli-belli ýagdaýlarda öýden çykyp biljekdigini yglan etdi.


Germaniýa soňky günlerde rekord derejede ýokuşmalary hasaba aldy, ýöne resmiler mejbury sanjym talap etmekden saklanýar hem-de ählihalk petiklemelerini girizmek islemeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus