Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ozodi habar çap etdi, Woroneždäki täjik migrantlarynyň meselesi çözüldi

Orsýetdäki iş beriji bilen dörän düşünişmezlikler esasynda kyn ýagdaýa düşen täjik migrantlary pasportlaryny we berilmedik aýlyklarynyň bir bölegini yzyna aldylar diýip, Azatlygyň täjik gullugy habar berýär.


Öz sözleri bilen aýdylsa, Woronež sebitiniň Şubnoe obasynda ‘gul şertlerinde işleýän” onlarça täjik işçisi, Azatlygyň Täjik gullugynyň çap eden habaryndan soň, öz meseleleriniň bölekleýin çözülendigini aýdýar.


Täjigistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň gatyşmasyndan soň, 16-njy oktýabr güni irden pasportlarymyzy yzyna gaýtaryp berdiler we aýlyklarymyzy bölekleýin tölediler diýip, işçiler aýtdy.


Täjigistanyň ilçihanasynyň Facebook sahypasynda çap edilen habarda hem iş beriji bilen migrantlaryň arasynda dörän düşünişmezlikleriň çözülendigi aýdylýar.


Ilçihananyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Täjigistanyň raýatlary bilen iş berijiniň, ýagny "Ostrogožsksadpitomnik" paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky şertnamalara laýyklykda, iş beriji iş üçin patent, uçar biletleri, ýaşaýyş jaýy we nahar üçin töleg töledi we Täjigistanyň raýatlary işe başlansoň, öz çykdajylaryny olaryň aýlyklaryndan tutup almaga başlady. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda iş beriji olaryň hersine 10 müň rubl möçberinde öňünden töleg etdi we bu ýagdaý zähmet migrantlary bilen iş berijiniň arasynda düşünişmezlik döremegine getirdi.


Üç aý ozal Woronežde alma hasylyny ýygnamak üçin hakyna tutulan 110 täjigistanly 13-nji oktýabrda ýerli polisiýa merkeziniň öňüne toplanyp, protest bildirdi.



Olar iş berijileriniň aldaw usuly bilen pasportlaryny alyp, özlerini "zamun alandyklaryny" aýtdylar.


Azatlygyň Täjik gullugynyň Woroneždäki migrantlaryň ýagdaýy barada çap eden habaryndan soň, Orsýetdäki täjik ilçihanasy 15-nji oktýabrda öz işgärlerini Woroneže iberendigini habar berdi.


Täjigistanyň ilçihanasy öz telefon belgilerini Facebook sahypasynda ýerleşdirdi we migrantlary, kynçylyklar ýüze çykan halatynda, özleri bilen habarlaşmaga çagyrdy.


Mundan ozal migrantlar täjik häkimiýetleriniň köplenç öz hukuklaryny goramaýandyklaryndan zeýrenýärdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus