Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Fransiýanyň ministri: 'Talyban' Katar we Türkiýe bilen Kabulyň aeroportuny dolandyrmak barada gepleşik geçirýär

Fransiýanyň daşary işler ministri "Talyban" Katar we Türkiýe bilen Kabulyň halkara howa menziliniň dolandyrylyşyny ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy we yslamçy toparyň Owganystandan gitmek isleýänleriň täjirçilik uçuşlary arkaly muny amala aşyrmagy üçin desgany çalt üpjün etmelidigini talap etdi. 


"Howpsuzlyk Geňeşiniň howa menzilinde howpsuzlygy üpjün etmek baradaky karary ýerine ýetirilmeli" - diýip, Iwes Le Drian ABŞ-nyň goşunlaryny Owganystandan çykaryp, öz taryhyndaky iň uzak söweşini tamamlan güni, 31-nji awgustda Fransuz telewideniýesinde aýtdy.


"Katarlylar we türkler bilen howa menzilini dolandyrmak barada gepleşikler dowam edýär. Howa menziline girmegiň howpsuz bolmagyny biz talap etmelidiris "-diýip Fransiýanyň daşary işler ministri aýtdy.


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 30-njy awgustda "Talybandan" adamlaryň Owganystandan erkin çykmagyna rugsat bermek baradaky borçnama hormat goýmagy talap edýän karary kabul etdi.


Hytaý bilen Russiýanyň saklanmagynda 13 ses bilen kabul edilen kararda geňeşiň "Talybandan" ähli daşary ýurt raýatlarynyň Owganystandan howpsuz we tertipli çykmagy üçin ýol açylmagyna garaşýandygy aýdylýar. Şeýle hem, ynsanperwer kömeginiň eltilmegine ýol bermäge, adam hukuklaryny goramaga we terrorçylyga garşy göreşmäge çagyryş edilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus