Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Owganystandaky ewakuasiýa işlerini, goşunlary çykarmagyny tamamlaýar

Prezident Jo Baýdeniň Kabul aeroportuna edilip biljek terror hüjümleri howpunyň soňky sagatlarda hem “ýokary bolmagynda galýandygy” barada duýduryş bermegi bilen, Birleşen Ştatlar 29-njy awgustda müňlerçe owganlyny we daşary ýurt raýatyny ewakuasiýa etmek boýunça halkara missiýasyny tamamlamaga girişdi.


Baýden tarapyndan bellenen soňky möhlet, Owganystandaky 20 ýyllyk harby hereketiň soňlanjak güni bolan 31-nji awgust golaýlaýar we Pentagon ewakuasiýa missiýasy üçin getirilen 5800 esgerden häzir bu ýerde 4000 esgeriň galandygyny aýtdy.


ABŞ ýaranlarynyň köpüsi ewakuasiýa uçuşlaryny tamamlasa-da, Birleşen Ştatlar bu ýerden gitjek adamlary howa arkaly çykarmagy soňky sagatlara çenli dowam etdirmekçi bolýar.


Günbatarly howpsuzlyk işgäriniň “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Kabuldaky howa menziliniň içinde häzir bu ýurtdan uçup gitjek bolýan 1000-den gowrak parahat ýaşaýjy galdy.


"Biz şu gün her bir daşary ýurt raýatynyň we töwekgelçilik ýagdaýyndaky adamlaryň ählisiniň ewakuasiýa edilmegini üpjün etmek isleýäris. Bu iş tamamlanandan soň esgerler uçup başlar" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran resmi aýtdy.


ABŞ harbylary düýn, "Talyban" Kabuly ele geçireli bäri geçen iki hepde wagt içinde 117,000-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini, olaryň aglaba köplüginiň asuda owgan raýatlary bolandygyny aýtdylar.


26-njy awgustda janyndan geçeniň bomba partlatmasy howa menziliniň daşynda onlarça owgany we 13 amerikan esgerini öldürenden soň, Baýden 28-nji awgustda beýanat çap edip, bu ýerdäki ýagdaýyň "juda howply" bolmagynda galýandygyny aýtdy we harby serkerdelere gelýän 24-36 sagatdaky ýokary hüjüm ähtimallygyny duýdurdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus