FDA COVID-19 garşy Pfizer waksinasyny doly tassyklady
Guramanyň wezipesini ýerine ýetiriji Janet Wudkok "FDA-nyň bu sanjymy tassyklamagy, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegi dowam etdirmek üçin möhüm pursat" -diýdi.
"Millionlarça adam eýýäm COVID-19 sanjymlaryny arkaýyn alandyklaryna garamazdan, käbirleri üçin sanjymyň FDA tarapyndan tassyklamagy sanjym almak üçin goşmaça ynam döredip biljekdigini bilýäris" diýip, resmi aýtdy.
Mundan öň FDA üç sanjymy - Pfizer, Moderna we Johnson & Johnson sanjymlaryny adatdan daşary ýagdaýda ulanmak üçin ygtyýarnama beripdi.
Prezident Jo Baýden Pfizer waksinasyna FDA-nyň doly tassyklamasyny alan ilkinji bolmagyny "pandemiýa garşy göreşimizdäki möhüm pursat" diýip atlandyrdy.
Şeýle hem, Baýden has köp hususy kärhanadan işgärlere sanjym edilmegini talap etdi we amerikalylara: "Sanjymy almagyň wagty geldi, şu gün alyň" -diýdi.
Pfizer waksinasyna dekabr aýynda gyssagly ulanmak üçin ygtyýar berilenden soň diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 204 milliondan gowrak adam bu sanjymy aldy.