Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Ekstremist” diýip, Belarus sport web sahypasyny gadagan edýär

Belarus kazyýeti köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we raýat jemgyýetine edilýän basyşlaryň arasynda meşhur sport portalyny "ekstremist" atlandyryp, gadagan etdi.


Içeri işler ministrligi 6-njy awgustda Tribuna.com neşiriniň  we onuň ähli sosial media kanallarynyň gadagan edilendigini, sebäbi olary dolandyryjylaryň “ekstremist herekete çagyrýan materiallary” çap edýändigini aýtdy.


Sport web sahypasyndaky maglumatlary paýlaşanlar jerime ýa-da türme tussaglygy hökümi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.


Tribuna.com saýty Belarusda geçen ýyl, 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawy  Aleksandr Lukaşenka altynjy möhleti bereninden soň petiklenipdi.


“Tribuna.com” taslamasynyň döredijisi Dmytro Nawoşa Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy çykýan demokratiýa tarapdar protest hereketiniň açyk goldawçysy bolup durýar.


Şeýle-de ol Russiýanyň sport web sahypasy bolan Sports.ru neşirini esaslandyrdy.


Nawoşa özüne ýöňkelýän ýarlyk barada söz açyp, twitterde web sahypalarynyň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus