Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Raisi prezident wezipesinde ABŞ-nyň 'zalym' sanksiýalary bilen göreşjekdigini aýtdy

Aşa konserwatiw Ebrahim Raisi 3-nji awgustda Eýranyň täze prezidenti wezipesine geçdi we Yslam Respublikasyny ABŞ-nyň "zalym" sanksiýalaryndan dyndyrmak üçin çäreleri görjekdigini aýtdy.


Öňki kazyýet başlygy Raisi, adam hukuklaryny deplemek sebäpli Günbatar tarapyndan tankyt edildi we kazyýetde işlän döwründe müňlerçe syýasy tussagyň köpçülikleýin jezalandyrylmagyna gatnaşmagy sebäpli ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar boldy.


60 ýaşly Raisi döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen dabarada Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň razylygyny alanyndan soň wezipä geçdi.


"Halkyň islegine görä, paýhasly, ýadawsyz, tejribeli we meşhur Hojatoleslam Ebrahim Raisä Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti wezipesini tabşyrýaryn" -diýlip Hameneýiniň kararynda aýdylýar.


Eýranyň we alty dünýä döwletiniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyny gazanan aram prezident Hasan Rohaniniň ornuny tutýan Raisi 5-nji awgustda parlamentiň öňünde kasam kabul eder we soňra öz teklip edýän ministrler kabinetini düzer.


Onuň gün tertibindäki esasy meseleleriň arasynda ABŞ-nyň 2018-nji ýylda birtaraplaýyn çykan ýadro şertnamasyny dikeltmäge gönükdirilen gepleşikler bolar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus