Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaý häkimiýetleri Moskwadan gelen uçary COVID-19 wirusynyň uly çeşmesi atlandyrýar

Hytaýyň gündogar şäheri Nanjingiň häkimiýetleri Moskwadan gelen “Air China” ýolagçy uçarynyň pandemiýa başlanaly bäri COVID-19  ýokanjynyň iň uly çeşmesi bolandygyny aýdýar diýip,  Russiýanyň döwlet habar gullugy RIA Nowosti habar berdi.


Şähere ýaýran wirus azyndan 200 adama ýokuşdy. Hoňkoňyň “South China Morning Post” gazetiniň ýazmagyna görä, wirus eýýäm ýurduň 15 welaýatynyň 26 şäherçesine ýaýrady.


HHR-iň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu wirus ýokuşmalary koronawirusyň başda bütin dünýä ýaýran ýeri bolan Uhandakydan has güýçli.


Gürrüňi edilýän wirusyň genomy azyndan 52 ýagdaýda Russiýadan yzyna dolanan uçarda tapylan genom bilen çalymdaş bolup çykdy. Wirus ýokuşmalarynyň ilkinji hadyslary ýerli howa menziliniň işgärlerinde hasaba alyndy we bu keseliň Moskwadan gelen uçary tämizlän işçilerden ýaýrap başlandygy çak edilýär.


Nanjingiň ilaty 8,5 million adam,  ilatyň ählisi diýen ýaly koronawirus barlagyndan geçiriler. Hytaý häkimiýetleri baryp geçen ýyl koronawirus ýokuşmalaryny gözegçilik astyna alandygyny aýtdy. Munuň üçin wirusyň ýüze çykarylan şäherlerde we welaýatlarynda iň agyr karantin çäreleri görülýär.


Emma muňa garamazdan, Hytaý statistikasy ýurtdaky dolandyryjy Kommunistik partiýanyň gözegçiliginde bolup, onuň ygtybarlylygyna bil baglamak hakykatda mümkin däl diýen ýaly. 


Kommunistik partiýanyň pandemiýanyň başlanmagy bilen bagly maglumatlary uzak wagtlap ýaşyrandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlar Pekini onuň bütin dünýä ýaýramagyna sebäp bolmakda aýyplaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus