Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Putiniň Ukraina baradaky makalasy goşunda hökmany öwrenilmeli edildi

Wladimir Putiniň "Ruslaryň we ukrainleriň taryhy birligi barada" diýen at bilen çap edilen makalasy rus goşunyndaky harby-syýasy okuwlarda geçilmeli hökmany temalaryň biri boldy. Bu bardaky degişli buýruk goranmak ministri Sergeý Şoigu tarapyndan berildi.


Makala 12-nji iýulda Kremliň resmi web sahypasynda çap edildi. Rus prezidenti öz makalasynda soňky müňýyllygyň ortalarynda "Ukraina" adynyň “gyrak-bujak, çet” manysynda ulanylandygyny, Kiýewiň, Dnepriň çep kenarynyň, Poltawşinanyň, Çernigowşinanyň we Zaporožýäniň ýaşaýjylarynyň özlerini prawoslaw rus halkynyň bir bölegi hasaplandygyny we “Malorossiýa” (Kiçi Orsýet) atlandyrandygyny, Osman imperiýasy bilen bolan uruşdan soň Krymyň we Gara deňiz ýakalarynyň hem Orsýetiň düzümine girip, “Noworossiýa” adyny alandygyny öňe sürýär.


Putin ukrainleriň mundan beýläk hem Moskwanyň täsirinden çykmak ugrunda edýän synanyşyklaryny diňe Günbataryň daşarky basyşy bilen baglanyşdyrýar we, Orsýet başlygynyň pikiriçe, günbatar hemişe olaryň "agzybirligini pese gaçyrmaga çalyşdy”.


Şeýle-de, Putin öz makalasynda häzirki Ukrainanyň durşuna "daşardan dolandyrylmaga” berlendigini we, rus prezidentiniň pikiriçe, şu sebäpden hem “Ýewropanyň iň garyp ýurduna” öwrülendigini, ol ýerde rus dilli ilatyň “öz kimligini çalyşmaga mejbur edilýändigini”, “zorlukly assimilýasiýa” sezewar bolýandygyny aýdýar.


Makala Ukrainada garyşykly reaksiýa döretdi. Ýurduň prezidenti Wladimir Zelenskiý bu makala barada Wladimir Putin bilen şahsy duşuşyk wagtynda pikir alyşmaga taýýardygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus