Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-da dört eýran raýaty režimi tankyt edýän žurnalisti alyp gaçmak üçin dildüwşükde aýyplanýar

Nýu-Ýorkda dört eýran raýaty ABŞ-da ýaşaýan we eýran hökümetiniň hukuk kemsitmelerini aç-açan tankyt eden žurnalisti alyp gaçmak üçin dildüwşükde aýyplanýar diýip, ABŞ-nyň Adalat departamenti 13-nji iýulda beren beýanatynda aýtdy.


Bu iş boýunça güman edilýänleriň birisiniň eýran aňtaw agentliginiň ofiseri, beýleki üç adamyň bolsa Eýranyň aňtaw torunyň agzalarydygy aýdylýar. Olar eýran hökümetiniň goldawy bilen žurnalisti alyp gaçmak üçin gizlin dildüwşükde aýyplanýarlar.


Adalat departamenti žurnalistiň şahsyýeti barada beren maglumatynda onuň diňe Bruklinde ýaşaýan ABŞ raýatydygyny mälim edýär. Ýöne Bruklinde ýaşaýan ýazyjy we aktiwist Masih Alinejad özüniň nyşana alynýan pidalaryň hataryndadygyny ABŞ häkimiýetleriniň özüne aýdandygyny tassyklady we özüniň aýyplawa girizilen ABŞ ýaşaýjysy bolandygyny aýtdy.


Manhattan kazyýetinde açylan aýyplawda 50 ýaşly Alireza Şawarogi Farahani, 42 ýaşly Mahmud Hazin, 35 ýaşly Kiýa Sadegi we 45 ýaşly Omid Nuri dagylaryň atlary agzalýar. Olaryň ählisi eýranlydyr.


Aýyplawa görä, Farahani Eýranyň aňtaw resmisi bolup, beýleki üç adam Farahani üçin işleýän “eýranly aňtaw agzalary’ hökmünde suratlandyrylýar.


Adam ogurlamak aýyplamalary bilen bir hatarda aýyplawa sanksiýalar bilen bagly kanun bozmalar, bank galplygy we pul ýuwmak aýyplamalary girizilipdir. Eger-de ele salynyp, höküm çykarylsa olaryň dördüsi-de ömürlik türme tussaglygyna höküm ediler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus