Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Moskwanyň günorta-gündogarynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy

12-nji iýuldan 13-nji iýula geçilen gije Moskwanyň günorta-gündogarynda, “Kuzminki” metro stansiýasynyň golaýynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy. Bu barada kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp, TASS, “Interfaks” habar berýär. Şeýle-de, bu maglumaty Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Moskwa bölüminiň metbugat gullugy RBK habar agentligine tassyklady.




Dürli maglumatlara görä, uruş-dawalara 50 adamdan 200 adama çenli adam gatnaşdy. “Interfaks” “özara şahsy duşmançylyk”sebäpli turan dawa-jenjeliň, ähtimal, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan zähmet migrantlarynyň arasynda bolandygyny habar berýär. “Moskowskiý komsomoles” çaknyşyklara Gyrgyzystandan we Täjigistandan 180 töweregi migrantyň  gatnaşandygyny habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, 11-nji iýulda Himkide täjikler bilen bolan çaknyşykda iki gyrgyzystanly pyçak bilen ýaralanýar, olaryň watandaşlary ar almak isleýär we şeýdip hem köpçülikleýin uruş-dawa turýar. Soňra “Moskowskiý komsomoles” 102 adamyň saklanandygyny habar berdi. Saklananlaryň arasynda Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň raýatlary, iki türkmenistanly, iki azerbaýjanly we Dagystanyň üç ýaşaýjysy bar.


TASS-yň çeşmesi kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň çaknyşyklara gatnaşan 15 adamy saklandygyny habar berdi. “Interfaksyň” çeşmesi 20 adamyň saklanandygyny aýtdy.


Şeýle-de, habar gulluklarynyň maglumatlaryna görä, çaknyşyklaryň netijesinde birnäçe adam pyçak bilen ýaralanypdyr, olar hassahana ýerleşdirilipdir.  “Interfaks” ejir çekenleriň esasan tyg we gök ýarasyny alandygyny habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus