Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus resmileri prezidentlige öňki dalaşgäri 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi

Belarusyň sudy prezidentlige öňki dalaşgär Wiktar Babarykany korrupsiýa aýyplamasy bilen 14 ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, ýerli metbugat 6-njy iýulda habar berdi.


Russiýanyň eýeçiligindäki "Belgazprombankyň" öňki başlygy Babaryka geçen ýylyň iýun aýynda prezidentlik saýlawlary üçin awtoritar hökümdar Alýaksandr Lukaşenka garşy dalaşgär hökmünde hasaba durjak bolanda tussag edilipdi.


Prokuror Sýarheý Hirhel Minskdäki suddan Babarykany para almak we pul ýuwmak aýyplamasy esasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady. 


Şeýle hem Hirhel kazy Ihar Lýubawitskiden 22-nji iýunda bu işdäki beýleki günäkärlenýänleri üç ýyl bilen alty ýyl aralygynda azatlykdan mahrum etmegi isledi.


Babaryka 28-nji iýunda eden soňky çykyşynda özüne garşy öňe sürülýän korrupsiýa aýyplamalarynyň toslanyp tapylandygyny we özüniň bigünädigini ýene bir gezek aýtdy.


Lukaşenkanyň 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji yglan edilmegi ses berişligiň galpdygyny aýdýan on müňlerçe belaruslynyň nägileligini döretdi.


Demonstrasiýalar birnäçe aýlap dowam etdi, belaruslylar 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galýan Lukaşenkadan çekilmegi we täze saýlawlaryň geçirilmegini talap etdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus