Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Britaniýa iýulda çäklendirmeleri gowşatmagy, Awstraliýa güýçlendirmegi planlaşdyrýar

Awstraliýada has köp şäher ýokary ýokançly "Delta" görnüşiniň ýaýramagy sebäpli 29-njy iýunda çäklendirmeleri güýçlendirdi.


Gonkong bolsa keselçilik ýagdaýlarynyň köpelmegi sebäpli Britaniýadan uçuşlary gadagan etdi.


Awstraliýanyň Pert we Brisban şäherleri Sidneý we Darwine goşuldy we häkimiýetler koronawirusyň "Delta" görnüşi bilen bagly ýokançlyklary ýok etmek ugrunda dyrjaşýarlar.


"Delta" warianty Britaniýada ýagdaýlaryň köpelmegine sebäp bolsa-da, bu ýurduň saglyk ministri Sajid Jawid ähli çäklendirmeleriň 19-njy iýulda ýatyryljakdygyny aýtdy.


Jawid hökümetiň ähli ulularyň üçden iki böleginiň iki dozadan waksina almagyny maksat edinýändigini kanun çykaryjylara aýtdy.


Soňky hepdelerde britan häkimiýetleriniň koronawirus çäklendirmelerini gowşatmagy sebäpli COVID-19 bilen kesellänleriň sany esli köpeldi we olaryň 95%-den gowragynda "Delta" warianty anyklanýar.


Alymlar "Delta" görnüşiniň koronawirusyň öňki wersiýalaryna garanda has ýokançlydygyny aýdýarlar, emma waksinasiýa derejesi ýokary bolan ýurtlarda kesellänleriň hassahana ýerleşdirilmegi we ölüm derejesi uly däl.


Saglygy saklaýyş işgärleriniň bellemegine görä, Germaniýada "Delta" warianty sebäpli ýüze çykan COVID-19 keseliniň möçberi bir hepdäniň içinde iki esse artdy we häzirki wagtda kesellänleriň azyndan 36%-ni düzýär.


Italiýada 28-nji iýunda maska dakynmak talaby gowşady we açyk meýdançalarda ýüz maskalaryny ulanmak hökmany däl.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus