Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Centera Gold" Gyrgyzystanyň Kumtor käni ugrunda kanuny herekete geçdi

Gyrgyzystanyň ägirt "Kumtor" altyn känini dolandyrýan Kanadanyň "Centera Gold" kompaniýasy, Gyrgyzystanyň hökümetiniň magdan känini wagtlaýyn ele salmagyna jogap hökmünde kompaniýanyň we maýadarlarynyň bähbitlerini goramak üçin kanuny çäreleri görendigini aýtdy.


Ägirt "Kumtor" altyn käniniň daşyndaky ýagdaý gyrgyz hökümetiň magdan känindäki işleri wagtlaýynça öz eline almagyndan soň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Prezident Sadyr Japarow bu ädim daşky gurşaw we howpsuzlyk düzgünlerini düzetmek üçin zerur diýip, düşündirdi.


31-nji maýda giçlik eden beýanatynda "Centera" Gyrgyzystandaky golçur kärhanalary "Kumtor Gold Company" (KGC) we "Kumtor Operating Company" (KOC) kompaniýalarynyň ABŞ-nyň Bankrot kodeksiniň 11-nji babyna laýyklykda Nýu-Ýorkda bankrot bolmak üçin ýüz tutandyklaryny habar berdi.


"Centera" bu beýannamada "beýleki zatlar bilen bir hatarda KGC we KOC kärhanalaryna garşy bildirilýän ähli talaplaryň bütin dünýäde awtomatiki ýagdaýda saklanmagynyň üpjün edilýändigini" we "Gyrgyzystanyň hökümeti bilen bolup biljek gepleşikleri ýeňilleşdirmegi" maksat edinýändigini aýtdy.


14-nji maýda tassyklanan täze kanuna görä, Gyrgyzystanda konsessiýa şertnamasy boýunça işleýän islendik kompaniýa daşky gurşaw kadalaryny bozsa, ýerli gurşawa ýa-da adamlaryň durmuşyna howp salýan bolsa, hökümet ony üç aýa çenli öz gözegçiligine alyp bilýär. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus