Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň güýç edaralary türme gynamalary beýän eden öňki tussag zenany gözleýär

Türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasyna türkmen türmelerindäki zorluk we korrupsiýa barada gürrüň beren zenanyň gözlegine çykdylar. Bu barada bu guramanyň 1-nji martda ýaýradan maglumatynda aýdylýar.


Geçen hepdeden bäri Türkmenistanyň kanun goraýjy guramalary türkmen türmelerindäki korrupsiýa, sütem we gynamalar barada jikme-jik maglumat beren aşgabatly öňki tussag zenany işjeň gözleýändigi we onuň häkimiýetleriň eden-etdiligini beýan etmegini dowam etdirmeginiň öňüni almaga synanyşýandygy maglumatda bellenýär. 




"Memorial" öz maglumatynda öňki tussagyň türmedäki ýagdaýlar baradaky beýanynyň fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň web sahypalarynda rus we türkmen dillerinde gysgaldylan görnüşde çap edilendigini, tekstiň käbir daşary ýurt saýtlary tarapyndan ýaýradylyp, ýakynda YouTube saýtynda ses görnüşinde peýda bolandygyny belleýär.


Maglumata görä,  24-nji fewralda öňki tussag zenanyň azyndan üç garyndaşy telefon arkaly Aşgabadyň polisiýa bölümine çagyrylypdyr. Olardan zenanyň "sem bolmagy" talap edilipdir we onuň "Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň atlaryny we familiýalaryny agzasa, türmede çüýrejegi" duýdurylyp, haýbat atylypdyr. 


"Memorial" guramasynyň maglumatynda türkmen güýç gulluklarynyň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) we Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň kömeginden peýdalanýandygyny habar berýär.


Adam hukuklaryny goraýjy gurama türkmen türmelerindäki aýylganç ýagdaýlar barada gürrüň beren zenan bilen söhbetdeşliginiň iki bölümini 2020-nji ýylyň dekabrynda we 2021-nji ýylyň fewralynda öz websaýtynda çap etdi we üçünji bölegini neşir etmäge taýýarlanýandygyny habar berýär.  




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus