Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Birmada polisiýa protestçilere garşy ot açdy, azyndan bäş adam öldi

Birmada polisiýanyň harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestçilere garşy 28-nji fewralda ýaraglardan ot açmagy netijesinde azyndan dört adam öldi, başga-da ençemesi ýaralandy. Bu harby agdarylyşyga garşy ençeme hepde bäri dowam edýän demonstrasiýalaryň iň ganly güni boldy.


Birmanyň esasy şäherleriniň biri Ýangonda polisiýanyň mugallymlaryň protestini dargatmak üçin seňselediji granatlary atanda, bir aýal maşgalanyň ýüreginden tutup ölendigi habar berilýär.


Mýanmar ady bilen hem bilinýän Birmada 1-nji fewraldan bäri, haçanda harbylar häkimiýeti basyp alyp, saýlanan hökümetiň lideri Aung San Suu Kýini, şeýle-de onuň partiýasynyň ýolbaşçylarynyň aglabasyny tussag edeninden soňra, galagopluk dowam edýär.


Harbylar Aung Sangyň partiýasynyň ýeňiş gazanan noýabrdaky saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny öňe sürýärler.


Hökümet agdarylyşygy mundan ozal harbylaryň 50 ýyllap dowam eden häkimiýetinden soňra, demokratiýa tarap ädilip başlanan ädimleriň hem öňüni aldy.


Birmada harby agdarylyşyga garşy ýüzlerçe müň adam köçelere çykdy. Harbylaryň hereketi halkara derejesinde ýazgaryldy.


Aglaba buddistleriň ýaşaýan Birmanyň ilkinji roman katoligi, Çarles Maung Bo, ýurduň häzir “söweş meýdanyny” ýatladýandygyny aýdyp, 28-nji fewralda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.


Ýekşenbe güni polisiýa ýurduň ençeme şäherinde demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy, seňselediji granatlary ulandy we ýaraglardan ot açdy. Polisiýa hemaýat üçin esgerler hem köçä çykaryldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus