Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan “goňşularyna muzdsuz kömek” ibermegini dowam etdirýär

Türkmenistanyň prezidenti 19-njy fewralda Russiýanyň Astrahan sebitine Türkmenistanda öndürilen önümleri muzdsuz ibermek hakyndaky buýruga gol çekdi.


Nobatdaky kömek wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň taýýarlan teklipleri esasynda iberilýär. TDH  bu kömegiň “dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde” iberilýändigini habar berýär.


Neşir muzdsuz beriljek önümleriň derman we saglygy goraýyş serişdelerinden, azyk önümlerinden we harytlardan ybaratdygyny belleýär.


Türkmenistan 2020-nji ýylyň maý aýynda hem Astrahana 1000 tonnalyk  ýük iberdi. Şonda azyk we senagat önümlerini, dokma we gurluşyk materiallaryny öz içine alýan kömegiň Astrahana bu sebitiň koronawirus aladalary sebäpli iberilendigi aýdylypdy.


Emma häzirki kömegiň “dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde” iberilýändigi aýdylýar.


Şonuň bilen bir wagtda, TDH-nyň rus dilindäki habarynda Orsýete ugradyljak kömegiň “muzdsuz” berilýändigi, iňlis dilindäki habarynda “bagyşlanýandygy” aýdylyp, türkmen dilindäki habarlarynda bu sözleriň hiç biri ulanylmaýar. 


Geçen ýyl Türkmenistan goňşy Owganystana, Eýrana hem  ynsanperwerlik kömegini iberdi, suw joşmalaryndan ejiz çeken Özbegistana kömek teklip etdi. Emma tebigy hadysalardan, şol sanda keselçilik ýagdaýlaryndan ejir çekýän ilatyna beýle teklip bilen ýüzlenmedi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus