Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakykysyna öwürmegi soraýar
Rus oppozisiýa syýasatçysy ogurlyk aýyplamasy esasynda iş kesilip, şertli tussaglyk hakynda çykarylan hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglykda saklanýar we 3,5 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinýär. Nawalny özüne garşy gozgalan işi galplaşdyrylan diýip hasap edýär. atlandyrýan hökümi
Gözegçilik topary OVD-Info, 31-nji ýanwarda Orsýetiň dürli künjeklerinde geçirilen protest ýörişlerinde 5 135 adamyň tussag edilendigini, polisiýanyň Moskwada we beýleki ýerlerde ýörişleri dargatmak üçin zorluk ulanandygyny habar berdi.
Ikinji dynç güni on müňlerçe raýat sowuk howada Nawalny goramak we prezident Wladimir Putiniň hökümetinden nägileligini bildirmek üçin korrupsiýadan başlap, durmuş derejesiniň peselmegine çenli meseleler boýunça nägilelik bildirdi.