Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Talyban" azyndan 13 esgeri öldüren hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar

"Talyban" Owganystanyň gündogarynda bolan awtoulag partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, resmiler Nangarhardaky harby bazany nyşana alan hüjümde 14 esgeriň öldürilendigini aýdýarlar.


Ýerli geňeş agzasy Ajmad Omar Pakistan bilen serhet ýakasyndaky Şrizad etrabynda edilen hüjümde başga-da dört esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.


Dpa “Talybanyň” metbugat sekretary Zabiullah Mujahidiň sözlerine salgylanyp, bu hüjümi söweşiji toparyň amala aşyrandygyny we ölenleriň sanynyň has ýokarydygyny aýtdy.


Şu aralykda, Owganystanyň Içeri işler ministrligi we bir kanun çykaryjy bir gün öň Wardak welaýatynyň merkezinde bolup geçen ganly çaknyşyk barada gapma-garşylykly maglumatlary berdi.


Ministrlik 29-njy ýanwarda Behsood etrabynda bolan çaknyşykda polisiýanyň ýerli milisiýa toparynyň ýedi  agzasyny öldürendigini, dokuz adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. Şeýle-de, polisiýanyň tagallalaryna päsgel berendigi üçin 68 milisiýa agzasynyň tussag edilendigi aýdylýar.


Emma Wardagyň ýerli kanun çykaryjysy Mahdi Rasih polisiýanyň parahatçylykly demonstrasiýa ot açandygyny, netijede 11 adamyň ölendigini, 20 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.


Dowam edýän zorlukly wakalar Kabulyň ABŞ-a ýüzlenip, “Talybana” edilýän basyşy güýçlendirmegi we Owganystandan 2500-den gowrak esgeriň çykarylmagyna gyssanmazlyk  barada edýän çagyryşlary bilen utgaşýar.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus