Soňky üç ýylyň dowamynda Hojambaz we Kerki etraplarynda gyz üçin tölenýän galyň on esse ýokarlandy. Mundan 3 ýyl ozal gyz galyňy 30-40 müň manat aralygynda bolardy, indi ol 400 müň manada baryp ýetdi, ýerli ýaşaýjylar muny manadyň hümmetiniň peselmegi bilen düşündirýärler diýip, habarçy aýtdy.