Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus protestleri altynjy aýyna girýär, Lukaşenka wadalaryny gaýtalaýar

Belarusda režime garşy nägilelikler esasynda ýaýbaňlanan protest çäreleri altynjy aýyna girdi,  Aleksandr Lukaşenka şu ýylyň ahyryna çenli täze konstitusiýany taýýarlamak we ony referenduma goýmak  baradaky öňki wadalaryny gaýtalady.


66 ýaşly Lukaşenkanyň şuňa meňzeş wadalary içerki oppozisiýa tarapyndan wagt utmak taktikasy hökmünde ret edilýär.


Rus telewideniýesi arkaly berlen soňky wada, polisiýa we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan zorlukly basylyp ýatyrylmak howpuna garamazdan, 10-njy ýanwarda ýurduň çar künjeginde geçirilýän dürli-dürli protest çäreleri sebäpli berildi.


10-njy ýanwarda Minskde we beýleki şäherlerde her hepde ýekşenbe güni geçirilýän oppozisiýa demonstrasiýalaryna gatnaşmaga meýilli adamlary  gorkuzmak üçin howpsuzlyk işgärleri köçelere çykaryldy. Käbir ýagdaýlarda, protestçileriň badyny almak maksady bilen, polisiýa işgärleri adamlary tussag etmek üçin çalasyn hereket etdiler.


9-njy awgustda geçirilen saýlawlardan soň altynjy prezidentlik möhletine ýeňiş gazanandygy yglan etmegi, köpçülikleýin tussag edilmelere, protestçileriň gazaply urlup-ýenjilmelerine garamazdan, Lukaşenkanyň garşysyna görlüp-eşidilmedik oppozisiýany garşylygyny döretdi.


Lukaşenka 14-nji ýanwarda başlaýan prawoslaw Täze ýylynyň öňüsyrasynda Russiýanyň döwlet telewideniýesi tarapyndan   ýazga geçirilen söhbetdeşlikde üýtgeşmeler barada ýene bir gezek gürrüň etdi, ýöne olaryň anyk näme bolup biljekdigini aýtmakdan saklandy.


"Geljek ýylyň ahyryna çenli täze konstitusiýanyň taslamasy taýýar bolar diýip pikir edýärin" diýip, TASS onuň sözlerini sitirledi. “Soňra adamlar referendumda  täze konstitusiýanyň kabul etmelimi ýa däl diýen meseläni çözerler” diýip, Lukaşenka aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus