Baýramaly şäheriniň döwlet dükanlaryna un paýogynyň giç gelmegi, hususy dükanlarda azyk harytlarynyň gymmatçylygy ýerli ýaşaýjylary aladalandyrýar. Olaryň ençemesi bu meseleler bilen bagly arz-şikaýat bilen geçen hepde şäher häkimligine bardylar, ýöne soraglaryna jogap tapyp bilmän yzlaryna dolandylar. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär