Мы в Telegram
Добавить новость

Ребенок упал с 12 этажа жилого дома на Новочеркасском бульваре в Москве

Глава Химок вручил первые паспорта юным жителям

Тематические карты «Тройка» в честь 30-летия Рунета выпустили в метро

Скуратов считает, что дело об убийстве Листьева еще можно раскрыть



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Ertir özümem bu ýere düşmegimden gorkýan“. Covid-keselliler bilen işleşýän rus lukmany bolýan ýagdaýyň suratyny çekýär

Ruslan Mellin Kuzbasdaky kliniki keselhananyň ýüz-eňek bölegi boýunça hirurgiýasynda wraç bolup işleýärdi. Ol bölümi pandemiýa wagtynda koronawirus epidemiýasyna garşy merkeze öwürdiler. Iş arasynda Ruslan bolup geçýän ýagdaýlaryň suratyny çekýändigini gürrüň berýär. Şonda ol bolýan ýagdaýlar baradaky alada-gaýgylary ýeňil geçirýändigini aýdýar. Ol 17 günlük iş tapgyry gutarandan soň, Azatlyk Radiosynyň Sibir bölümine interwýu berdi.

 

Häzir Ruslanyň syýa bilen çeken 20-den gowrak kartinasy bar, ýakyn günlerde ol ýene-de onlarça suratyny tamamlajakdygyny aýdýar. Geçen penşenbe güni – 17-nji sentýabrda ol “gyzyl zonadaky” soňky iş wagtyny tamamlady. Şol 17 günüň dowamynda medisina işgärleri keselhananyň içinden çykman ýaşaýarlar, soňa olary iki hepdelik öz-özüni izolýasiýa etmäge, şäheriň daşyndaky sanatoriýa ugradylýarlar. Ruslan şol wagtyny döredijilige harçlaýar.

 

– Ruslan, siz häzir “gyzyl zonada” işleýärsiňiz. Onsoň surat çekmäge haçan we nädip ýetişýäňiz?

– Biz alty sagat işläp, soňra 12 sagat arakesmä çykýas. Şol wagtda-da men surat çekýän. Her surat üçin bir-iki sagadym gidýär. Bu işimi men uzak wagtlap ýaşyryp geldim, başgalar bilmesin diýdim. Suratlary kärdeş ýoldaşlarym ýok wagtynda, penjiräniň öňünde durup çekdim. Eger surat çekýänimi görseler, bir zatlary düzetmegimi ýa ýagdaýy aňladýan takyk portret şekilde çekmegimi maslahat bermekleri mümkindi. Men bolsa diňe hakykat ýüzünde ýagdaýy görkezmek isledim. Soňy bilen olar bary bir meniň surat çekýänimi bildiler hem ony görkezmegimi haýyş etdiler. Käbiri ýanyma gelip: “Oý, bu menmi? Men özümi ýüzugra tanadym” diýdi. Kärdeşlerimden diňe urolog özüni tanamady, beýlekiler bolsa ‘bu saňa meňzeş’ diýýärler.

– Diýmek, siziň üçin aýratyn bir adam öz şekilini çekdirjek bolmaýar-da?

– Ýok. Bu birnäçe sekundyň dowamynda meniň hakydamda galýan pursatlar. Meniň suratlarym – foto şekil däl. Şonuň üçinem käbir zady oýlanyp bilmeli bolýar.

 

– Näsaglar, olaryň hossarlary wraçyň surat çekmegine garşy bolmaýarlarmy?

– Men öňümde ýeke bir maksat goýdum, diňe garry adamlaryň suratyny çekmeli. Biziň merkezimize Garrylar öýünden köp näsag getirýärler. Men ol garrylaryň ýagdaýyna gaty gynanýan, olaryň saglyk ýagdaýyny hiç kim soramaýar, men olara berilmeli ünsi nämedir bir zat bilen doldurjak bolup, şeýle pişä ýüz urdum. Gynansak-da, olaryň birnäçesi keselden gutulyp bilmedi.

– “Gyzyl zonada” işlemek hem fiziki, hem ruhy taýdan agyr bolsa gerek. Şol ýagdaýda nädip surat çekip bilýäňiz?

– Hut şonuň üçinem men surat çekýän. Meniň üçin bu bir ruhy taýdan dynç almagyň güýmenjesi. Men öňlerem işden soň öýde surat çekýärdim, olary, elbetde, ýagly reňk bilen çekýän. Bu ýerde syýa bilen çekmeli bolýar. Bu meniň ilkinji synanyşygym.

 

– Ruslan, siz ilkinji gezek СOVID-19 barada eşideniňizde, onuň nä derejede howpludygyny göz öňüne getirdiňizmi?

– Ilkinji gezek eşidenim ýadymda däl. Ýöne aprel aýynda diňe bir ýolbaşçylara däl, ähli medisina işgärlerine instruksiýa – görkezme berip başladylar. Biz her günde iki gezek leksiýa gatnaýardyk, şonda munuň agyrdygyny, kesele ýüzleý garap bolmajagyny düşündirdiler. Mende işimi deňeşdirmäge tejribe bar, öň başga şäherlerde işledim, ýöne bu keselhanadaky ýaly beýle gyssagly ýagdaýy görmändim. Iýun aýynda meni konsultant hökmünde “gyzyl zona” çagyrdylar. Şol ýerde men ilkinji covid-kesellini gördüm. Biziň tanyşlygymyzdan dört gün geçensoň, ol bende ýogaldy. Şonda men ol aýdylýanlaryň boş gürrüň däldigine düşündim.

 

– Şonda nähili duýgyny başdan geçirdiňiz?

– Gaýga batdym. Özümi izolýasiýada goýarlarmyka diýip oýlandym. Sebäbi kim covid-keselli bilen gatnaşykda bolsa, ýolbaşçylar ony izolýasiýada goýýarlar, ýagny wraçlaryň ol keseli ýaýratmagyny islemeýärler.

 

– Sizde kesel ýokuşar diýen gorky boldumy?

– Biziň barymyz kesellemeli, şonda kesele garşy berk immunitet dörärdi. Bize şeýle diýip öwretdiler. Ýöne men kesel ýokuşmagyndan gorkmadym. Sebäbi ol düzgün boýunça ýaş adamlarda ýeňil geçýär. Muny garry adamlara çekmek kyn. Şondan soň men ganymy hem burnumdaky nemi analize tabşyrdym, analizleriň netijesi otrisatel çykdy.

 

– Bu nädip beýle bolýar, siz häzir 17 günlük “gyzyl zona” iberildiňiz. Onda-da öz islegiňiz – meýletinlik bilen, şeýle dälmi?

– Bizde grafik – düzgün bar, şoňa laýyklykda wraçlaryň ählisi “gyzyl zonada” işlemeli. Mundan kärdeşlerimiziň hiç biri ýüz öwrenok.

 

– Işden hiç biri ýüz öwürmedimi? Men şeýle adamy bilýän, ony mejbury ýagdaýda beýleki bir şähere iberip, “gyzyl zonada” işlemeli, soňra-da iki hepdeläp, özüni izolýasiýada saklamaly diýenlerinde, işden çykypdyr.

– Menem öz kärdeşlerimden beýleki şäherlerde işe çykmak islemeýän wraçlaryň hem medisina işgärleriň bardygyny eşitdim. Käbirleri size gowy töleýärler, şonuň üçin öz hasabyňyza izolýasiýa alýaňyz diýýärler, ýöne bizde ýagdaý beýle däl. Biz – wraçlar iş wagtynda hiç zat satyn almaýarys, çagalar lagerindäki ýaly, bizi naharlaýarlar. Günde iki gezek miwe berýärler. Käbirleriniň aýdyşy ýaly, biz pampersde gezemizok. Zerurlyk bolsa keselhananyň çäginden çykyp bilýäris. Ýöne hökmany berk şert bilen, çykjak bolanymyzda, bar eşigimizi çykarmaly hem hökmany suratda ýuwunmaly, agzyňy arassalamaly. Gaýdyp geleniňden soň ýaňadan geýinmeli. Bu diňe bir kombinezon hem maskalar däl, köp zatlary ýelim bilen berkitmeli; kombinezonyň, beýleki eşikleriň sepleşýän ýerlerini ýelimlemeli, äýnegiňi, başyňdaky galpagy we ş.m.leri berkidip, düzgünde görkezilişi ýaly etmeli. Munuň özi köp wagtyňy alýar. Her gezekde şeýle edilýär, oňa 20 minuta golaý wagtyň gidýär. Şonuň üçinem daş çykýan örän az. Onsoňam işli bolsaň, özüňe bir zadyň gerekdigi barada pikir edip duraňok. Şeýle iş pursatlary boldy, 50-60 adam getirdiler. Biz şonda işe 6 sagat däl, 7 – 8 sagat çykdyk. Sen nädip kesellini goýjak?!

 

– Ruslan, epidemiýanyň ikinji tolkuny barada nähili pikir edýäňiz? Oňa garaşmalymy ýa-da ýok?

– Men epidemiolog däl, muny olardan sorap bilmeli, ýöne öz şahsy garaýşyma görä, ol eýýäm başlandy. Tiz kömek näsagy getirende, olar öz arabasyny yzyna alar ýaly, biz kesellini öz arabamyza geçirmeli bolýarys. Golaýda şeýle boldy, näsaglary çeker ýaly, biziň arabamyz ýetmedi. Näsagy garaşdyrmaly bolduk.

– Siziň bu ýagdaýyňyza – tas bir aýlap öýüňizde bolmaýanyňyza maşgalaňyz nähili garaýar?

– Olar eýýäm öwrenişdiler, olaryň kakalary – göçüp ýaşaýan. Elbetde, olarsyz örän içgysgynç. Oglum şu ýyl ilkinji gezek mekdebe gitdi, men onuň dabarasyna gatnaşyp bilmedim. Agşamlyk aýalym bilen oglum keselhana geldiler. Biz aýnanyň arkasyndan durup gürleşdik.

 

– “Gyzyl zonadaky” bu siziň soňky iş tapgyryňyz. Häzir nähili duýgyny başdan geçirýäňiz?

– Dogrymy aýtsam, erkinligi gaty küýseýän. Açyk howadan dem alyp, oglum bilen gezelenç edip, ýol ugrundan kofe içesim gelýär. Ýöne howpsuzlyk çäreleriniň ählisini berjaý etsem-de, ertir özümiňem bu ýere düşmegimden gorkýan. Öňler näsaglaryň aglaba köprägi garrylar bolsa, indi bizde ähli gatlakdan bar; pensionerlerem, sportsmenlerem, wezipedäki adamlaram. Bizde şeýle ýagdaý ýüze çykdy, kärdeşlerimizden käbiri “gyzyl zonada” işläp gidenden soň, näsaglap, kesellileriň arasyna gaýdyp geldi. Soňlugy bilen onuň diagnozy oňyn çykmasa-da, belli wagt içinde kesellileriň arasynda ýatmaly bolýarlar. Men gaýtadan kesellemekden däl, maşgalamy bu golaýda görmejegimden gorkýan.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň SIBIR.REALII bölümi tarapyndan taýýarlandy.

 

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Книжный шкаф Виктора Астафьева появился в Москве на выставке «Россия»

К московскому общежитию РУДН приехали 5 пожарных машин после сообщения о взрыве

«Уральская молния». Фетисов о легендарной конькобежке Лидии Скобликовой

Американский истребитель F-16 потерпел крушение в Нью-Мексико

Музыкальные новости

«Хлеб всему голова». Как в Крыму и Севастополе изменились цены на хлеб?

Bloomberg: Вашингтон изучает вопрос запрета на импорт российского урана

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Театра кукол «Ульгэр» в Улан-Удэ проводит етс фотосессию детям

Новости России

В 2024 году исполняется 140 лет созданию в Москве первой общедоступной публичной бесплатной библиотеки

Всего 1,18 млн рублей за новую Lada Vesta. В Белоруссии стартовали продажи Lada Vesta Black Line

Пятерых человек арестовали за грубые нарушения ПДД на Малой Бронной в Москве

«Комплексное повышение эффективности». Севастополь в числе «Умных городов» России

Экология в России и мире

Оформить медицинскую книжку

Продвижение Музыки. Раскрутка Музыки. Продвижение Песни. Раскрутка Песни.

Продвижение новой музыки и ваших хитов на радио и в интернете

В День Медика пройдет премия в области здоровья The Medical Stars & Beauty Awards

Спорт в России и мире

Теннисист Надаль навестил в больнице 16-летнюю российскую теннисистку Корнееву

Рыбакина узнала неприятную новость перед "казахстанским дерби"

Шиманович пробилась в ⅛ финала теннисного турнира в Сен-Мало

16-летняя теннисистка Андреева обновила рекорд турниров WTA-1000

Moscow.media

На трассе М-4 Дон в этом году отремонтируют 200 км и нанесут экспериментальную разметку

Уверенность в каждом дне вместе с автомобилем HAVAL

МИД Таджикистана вручил протестную ноту российскому послу

Автомобили Kaiyi — с комфортом в любое путешествие











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Таджикские гастарбайтеры с семьями требуют впустить их в Россию!

Трамп: Байден не сможет добиться освобождения арестованного в России Гершковича

Эксперт Блинкова сообщила, что тарифы ЖКХ вырастут на фоне плановой индексации

К московскому общежитию РУДН приехали 5 пожарных машин после сообщения о взрыве