Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystan özbek oppozisiýa aktiwisti Berdiýewi Daşkende iberdi

Özbek häkimiýetleri  Gazagystanyň tanymal özbek oppozisiýa aktiwisti Hurram Berdiýewi Daşkende deportasiýa edendigi baradaky habarlary tassyklady. Bu iş özbek resmileriniň resmi haýyşy boýunça amala aşyryldy.


Daşkent polisiýasy öz web sahypasynda 59 ýaşly Berdiýewiň 17-nji awgustda Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryna tabşyrylandygyny aýtdy.


Polisiýanyň beren beýanatynda Berdiýewiň adam söwdasynda aýyplanýandygy aýdylýar, aktiwistiň tarapdarlary bu aýyplamanyň esassyzdygyny aýdylýar.


Beýanatda Berdiýewiň dürli iş wadalary bilen Gazagystana köp sanly özbek işçisini bikanun iberen, ýöne olaryň aýlyklaryny töläp bilmedik bir topara degişlidigi aýdylýar.


Polisiýa Berdiýewe garşy jenaýat işiniň 2013-nji ýylda açylandygyny aýtdy. Ol fewral aýynda Gazagystanda tussag edildi.


Berdiew 1990-njy ýyllarda oppozisiýadaky Erk partiýasynyň tarapdarydy. Şeýle-de ol “Mazlum” adam hukuklary toparynyň esaslandyryjysy boldy we dogduk mekany Surhondarýo welaýatynda bu guramanyň bölümine ýolbaşçylyk etdi.


Özbek hukuk goraýjy aktiwistleri Berdiýewe edilýän basyşyň 2005-nji ýylyň maý aýynda gündogar Andijon şäherinde hökümete garşy guralan protestleriň ganly basylyp ýatyrylmagyny  garaşsyz ýagdaýda derňemäge  edilen çagyryşlary goldandan soň başlandygyny aýdýarlar.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus