Türkmenistan terrorçylyk boýunça dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň arasynda ýerleşdirildi
Sanawda Owganystan, Yrak, Nigeriýa, Siriýa we Pakistan dünýäde iň howply bäş ýurt diýlip kesgitlendi.
Maglumata görä, gözden geçirilen döwürde dünýädäki iň uly 20 terrorçylykly hüjümiň 16-sy Owganystanda amala aşyryldy. Owganystandaky bu hüjümlerde 1657 adam öldi.
Indeksde Türkmenistan bilen birlelikde 138-nji orunda ýerleşdirilen ýurtlaryň arasynda Sloweniýa, Portugaliýa, Belarus, Rumyniýa, Kuba, Singapur, Oman we Demirgazyk Koreýa dagy bar.